Habarlar
Makalalar
Media
Afişa
Biz barada
Habarlaşmak üçin
28-nji sentýabrda «Art bazar showroom» galereýasynda «Şekilleriň we reňkleriň sazlaşygy» atly serginiň açylyş dabarasy geçiriler.
Myhmanlara Suraý Rozygulyýewanyň şekillendiriş eserleri we Jumamuhammet Jumanyýazowyň heýkeltaraşlyk işleri görkeziler. Sergi dürli çeperçilik ugurlary birleşdirip, reňk bilen şekiliň arasynda sazlaşykly dialogy döredýär.
Serginiň dabaraly açylyşy sagat 15:00-da bolar. Ekspozisiýa 5-nji oktýabra çenli Olimpiýa şäherçesindäki «Dolandyryş merkezi» binasynda ýerleşýän «Art bazar showroom» galereýasynda açyk bolar.
