Awazadaky ykdysady diplomatiýa Merkezi Aziýanyň sebit bazaryna giriş nokatlaryny nähili açýar
18.09.2025 | 00:35 |“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy Türkmenistanyň maýa goýum forumynda (TIF 2025) köp sanly wekiliýeti kabul edip, işewürlik üçin gepleşikleriň merkezine öwrüldi. Sebitdäki möhüm wakalaryň biri boljakdygyny wada berýän bu giň gerimli çäre, diňe bir ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini görkezmek bilen çäklenmän, onuň Merkezi Aziýanyň integrasiýa proseslerinde strategiki ornuny görkezmek üçin niýetlenendir. Aşgabatda başlanan duşuşyklar we gepleşikler ýokary işewürlik äheňini döretdi, Awazadaky forum (18-19-njy sentýabr) halkara we sebit hyzmatdaşlygy üçin täze ugurlary döretmek arkaly bu üstünlikleri berkitmegi maksat edinýär.
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň “derwezesi” hökmünde
Türkmenistanyň geografik taýdan bäsdeşlige ukyply ýerleşişi – Ýewropanyň bilen Aziýanyň çatrygynda – ony strategiki taýdan üstaşyr merkezine öwürýär. Halkara kompaniýalaryň we maýadarlaryň TIF 2025-e gatnaşmagy – bu iki esse peýdadyr: olar depginli ösýän türkmen bazaryna girmek bilen çäklenmän, eýsem özleri üçin tutuş Merkezi Aziýa mümkinçilikleri açýar. Sebit häzirki wagtda dünýäniň ykdysady güýçleriniň ünsüni özüne çekýär we Awazadaky forum bu geljegi uly hem-de çalt ösýän giňişlikde özüni tanatmak isleýänler üçin esasy giriş nokadyna öwrülýär.
Bu nukdaýnazardan, Türkmenistana maýa goýmak – bu tutuş Merkezi Aziýanyň durnuklylygyna we ösüşine maýa goýmakdyr. Awazadaky forum – bu diňe bir ylalaşyklaryň baglaşylýan ýer däl, eýsem ählumumy maliýe we bazar tendensiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdançadyr. Bütindünýa bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň we beýleki maliýe guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy sebitiň häzirki ykdysady ýagdaýyna bilermenleriň baha bermägini üpjin eder.
Panel sessiýalarynda tutuş sebitde uly gyzyklanma döredýän täze bazar tendensiýalaryny hödürlener we seljeriler. Bu ýerde gürrüň, “ýaşyl” maýa goýumlaryny çekmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek we toplumlaýyn üpjünçilik zynjyrlaryny döretmek strategiýasy barada barýar. Bu ugurlar, Merkezi Aziýanyň geljekdäki ykdysady ýagdaýyny emele getirýän maýadarlar we analitikler üçin esasy görkeziji bolup hyzmat eder.
Temalara syn: ýerli taslamalardan ählumumy tendensiýalara çenli
TIF 2025-iň maksatnamasy, Türkmenistanyň ösüşe strategiki çemeleşmesini görkezýär. Sessiýa temalary diňe bir adaty pudaklary däl, eýsem esasy ählumumy tendensiýalary hem öz içine alýar. Bu bolsa forumy halkara işewürler topary üçin ähmiýetli edýän zat.
Durnukly ösüşe we “ýaşyl” ykdysadyýete üns:
Howa şertlerine durnukly oba hojalygy we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça geçirilen sessiýalar durnukly ösüşiň gün tertibindäki ählumumy meselelerine gönüden-göni jogap berýär. Bu ugurlara maýa goýumlarynyň ara alyp maslahatlaşylmagy Türkmenistanyň “ýaşyl” ösüşe möhümdigine düşünýändigini we täze maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm bolan iň täze çözgütleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny görkezýär.
Üns merkezinde diwersifikasiýa we sanlylaşdyrmak:
Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrmagy we sanly özgertmeler baradaky sessiýalar ýurduň adaty pudaklara aşa garaşly bolmakdan daşlaşmak islegini görkezýär. Bu innowasiýa pudaklarynda mümkinçilik gözleýän maýadarlar üçin güýçli yşaratdyr. Sanly tehnologiýalar we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy – bular ykdysady ösüşi çaltlaşdyrmak üçin esasy gurallardyr we forumda olaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy Türkmenistandaky ulgamlaýyn özgertmelere şaýatlyk edýär.
Sebit üçin strategiki ähmiýeti:
Ulag-aragatnaşyk infrastrukturasy we täze bazarlara çykmak baradaky ara alnyp maslahatlaşylmalar diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem tutuş sebit üçin möhüm ähmiýete eýe. Logistika geçelgelerini ösdürmek we söwda gatnaşyklaryny berkitmek sebitleýin integrasiýa gönüden-göni goşant goşýar. Bu temalar, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada harytlar we maýa üçin täze ugurlary açýan birleşdiriji baglanşyk hökmünde öz ornuny görýändigini görkezýär.
Şeýlelik bilen, forumyň gün tertibi resmi çäreleriň çäginden uzaklara çykýar. Bu ösüş üçin jikme-jik ýol kartasyny görkezýär, ýagny içerki ileri tutulýan ugurlary we ählumumy tendensiýalary görkezýän, halkara hyzmatdaşlara diňe bir taslamalary däl, eýsem tutuş sebitiň ösüşi üçin strategiki gözýetimi hödürleýär.
Merkezi Aziýanyň “derwezesine" tarap – “CA Connect” ideýasy hakda
Türkmenistan özüni Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän esasy merkez hökmünde görkezýär. Bu nukdaýnazardan, TIF 2025-i ýewropanyň “Global Gateway” maksatnamasy ýaly ählumumy başlangyçlaryň sebitleýin beýany hökmünde görmek mümkin.
Merkezi Aziýa şeýle giň göwrümli maksatnama zerur. Ol sebitdäki ähli ýurtlaryň dünýä bileleşigi bilen durnukly gatnaşyklary döretmek ugrundaky tagallalaryny birleşdirer. Ony şertli görnüşde, mysal üçin “Central Asia Connectivity” (CA Connect) diýip, atlandyrylyp bilner. Bu konsepsiýa diňe bir ýollaryň we turbageçirijileriň gurluşygyny däl, eýsem sanly infrastrukturany, ýaşyl energetikany we adam maýasyny ösdürmegi, ýagny Merkezi Aziýanyň özboluşly derwezesini, sebitiň bazaryna ýeketäk giriş nokadyny we şol bir wagtyň özünde onuň daşarky bazarlara çykmagy göz öňünde tutýar.
Awazadaky Maýa goýum forumy bu konsepsiýany kemala getirmegiň başlangyç nokady bolup biler. Anyk taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy, ylalaşyklara gol çekilmegi we iň esasysy geljege umumy garaýyşyň kemala gelmegi - bularyň ählisi geljekki maksatnamalar üçin binýady döredýär. Forumda yglan edilen bilelikdäki başlangyçlar arkaly Merkezi Aziýa öňdebaryjy dünýä ykdysadyýetleri bilen baglanyşdyrjak, sebit söwdasyny güýçlendirer we maýa goýumlarynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrjak öz “ählumumy toruny” döredip biler.
TIF 2025 ýaly möhüm halkara çäresiniň geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysady açyklygyny we sebitdäki ornuny pugtalandyrmga çalyşýandygyny görkezýär. Guralan forum, ýurda dialog, tejribe alyşmak we bilelikdäki çözgütleri işläp düzmek üçin meýdançany üpjün edýär. Bu – “ýumşak güýjiň” mysalynda, ol ýerde ykdysady diplomatiýa ynamy we birek-birege hormat goýmagyň guralyna öwrülýär.
Netijede, Awazadaky forumyň üstünligi – bu diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem has ýakyn ykdysady integrasiýa we gülläp ösmäge çalyşýan tutuş sebit üçin hem üstünlikdir.
Bekdurdy AMANSARYÝEW,
TÜRKMENISTANYŇ DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi