Iň täze habarlar

Awaza 2025 – ählumumy dialog üçin täze nusga ýa-da halkara forumlar näme üçin geçirilýär

19.09.2025 | 23:50 |
 Awaza 2025 – ählumumy dialog üçin täze nusga ýa-da halkara forumlar näme üçin geçirilýär

Adatça halkara wakalaryň seljermesi media we resmi beýanatlara syn bermekden başlaýar. Emma Awazada geçirilen Maýa goýum forumy ýaly giň möçberli çäreleriň hakyky mazmunyna düşünmek üçin onuň sahnanyň arkasyndaky ýagdaýlara göz aýlamak we strategik prosesleriň nukdaýnazaryndan baha bermek zerurdyr. Köp ýyllyk syn ediş tejribesi sebitiň syýasy-ykdysady durmuşynda umumy beýanatlardan pragmatiki netijelere gönükdirilen, diplomatiýa tarap yzygiderli geçilýändigini tassyklamaga mümkinçilik berýär.

Bu forum hem şu tendensiýanyň iň täsirli görnüşlerinden biri boldy. Ol Türkmenistanyň diňe bir ählumumy dialoga gatnaşmaga däl-de, eýsem özüne mahsus anyk ugry kesgitlemäge taýýardygyny görkezdi. Bu seljeriş makalasynda, biz Awaza-2025 – näme üçin diňe bir işewürlik duşuşygy däl-de, aslynda onuň üstünliginiň aňyrsynda nämäniň bardygyna göz ýetireris.

tif-2025-avaza-novaya-model-dialoga (4).jpg

Dünýäde dialog üçin köp giň göwrümli meýdançalar, uly ýöne netijesiz söz alyşmak dabaralaryna öwrülmegine töwekgelçilik edýän döwründe, Awazada geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy ýa-da TIF-2025 oýlanyşykly ykdysady döwlet strategiýasynyň aýdyň mysalyna öwrüldi. Bu çäre diňe bir “diplomatik çykyş” ýa-da resmiler üçin “gyzyl haly” bolman, eýsem üýtgäp duran dünýä tertibiniň şertlerinde anyk maksatlara ýetmäge gönükdirilen netijeli gural boldy.

Forumyň mazmuny çykyşlaryň sanynda däl-de, olaryň mazmunynda we amaly ugurlylykda jemlenýärdi. Her bir sessiýa – logistikadan sanly özgertmelere çenli ara alyp maslahatlaşmalar – hakyky çözgütleriň we hyzmatdaşlaryň gözlegine gönükdirildi. Bu bolsa tebigy serişdelere baý ýurt näme üçin beýle giň gerimli çäräni geçirýär diýen soraga gönüden-göni jogap boldy. Bu forumyň özi geljege strategik maýa boldy we üç sany çözgüdiň esasy wezipesine gönükdirildi.

tif-2025-avaza-novaya-model-dialoga (2).jpg

Birinjiden göni maýany çekmek üçin meýdança bolup hyzmat etdi. Munuň ýaly wakalar abstrakt pikirleri hakyky taslamalara öwrüp, işewürlik bilen döwletiň arasyndaky aralygy ep-esli gysgaltýar. Forumda mümkin bolan maýadarlar we degişli edaralar senagat desgalarynyň gurluşygyndan başlap, sanly tehnologiýalaryň ösüşine çenli anyk taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikinjiden, forum strategiki wezipäniň çözgüdine öwrüldi. Ählumumy durnuksyzlyk şertlerinde Türkmenistan durnuklylygyň we öňdengörüjiligiň adasy hökmünde çykyş etdi. Iri halkara guramalarynyň wekilleriniň (BMG, Bütindünýä banky) we dürli yklymlaryň işewür toparlarynyň gatnaşmagy, ýurda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny tassyklady. Bu bolsa dünýä bileleşigine Türkmenistanyň Gündogar bilen Günbataryň arasynda pragmatiki we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň köprüsi hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny görkezýän kuwwatly yşarat boldy.

Üçinjiden çäre ýurduň täze özgertmelere taýýardygyny tassyklady. Gümrük ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we BSG bilen ýakynlaşmak baradaky ara alyp maslahatlaşmalar – munuň diňe bir jarnama däl-de, eýsem hakyky, yzygiderli maksatnamalaryň bir bölegi bolandygyny görkezdi. Halkara bilermenler bilen açyk dialog öz gezeginde bu maksatnamalaryň “tassyknamasy” bolup hyzmat edýär. Bu bolsa maýa goýujylar üçin töwekgelçiligi peseldýär we ynamy pugtalandyrýar. Hut ynam maýa goýumlary çekmek üçin esasy “serişde däl aktiw” bolup durýar.

tif-2025-avaza-novaya-model-dialoga (5).jpg

Awazadaky maýa goýum forumy abstrakt jümlelerden nädip anyk, amaly işe geçmelidiginiň aýdyň mysaly boldy. Ol ählumumy dialogyň hakyky güýjüniň uly wadalarda däl-de, eýsem hakyky üýtgeşmelere we ygtybarly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny gurmaga ygrarlydygyny görkezdi.

Resmi maksatnamalaryň we gyzgalaňly çekişmeleriň çäginden daşarda, forumyň gatnaşyjylary Türkmenistanyň şeýle aýratyn özboluşly ruhuny duýmak mümkinçiligine eýe boldular. Bu ýerde hatda iň çynlakaý işewürlik duşuşyklary we gepleşikleri çyn ýürekden myhmansöýerlik hem-de adamlaryň hemişe açyklygy bilen utgaşýar. Resmi däl söhbetdeşlikler, elleri gysyşmalar we maslahat zallarynyň daşynda täsirleri alyşmalar çäräniň esasy bölegine öwrüldi. Bu bolsa sanlaryň we strategiýalaryň aňyrsynda hemişe adam gatnaşyklarynyň bardygyny görkezdi.

tif-2025-avaza-novaya-model-dialoga (3).jpg

Daşary ýurtly wekiýetleriň aýtmagyna görä, forum olarda diňe bir professional täsir galdyrman, eýsem myhmanlary uly şatlyk we sahylyk bilen garşylamaga hemişe taýyn bolan ýurduň mähirli ýatlamalary galdyrdy. Bu bolsa durnuklylygyň we gülläp ösüşiň diňe ykdysady modeller ýa-da halkara ylalaşyklar arkaly däl-de, eýsem medeniýetleriň we ýürekleriň arasynda köpri gurýan adamlaryň üsti bilen hem döredilýändiginiň inkär edip bolmajak subutnamasydyr.

Bekdurdy AMANSARYÝEW

TÜRKMENISTANYŇ DIM-iň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi

Foto: TIF 2025

Şeýle hem okaň: