Iň täze habarlar

Gatnaşyklar üçin täze itergi: Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şuminiň interwýusy

10.09.2025 | 18:44 |
 Gatnaşyklar üçin täze itergi: Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şuminiň interwýusy

HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin Hytaýda bolup geçen ýakyndaky wakalaryň esasy netijeleri barada beren interwýusynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda olaryň strategiki ähmiýetini nygtady. Diplomat, Týanszinde geçirilen ŞHG-niň sammitiniň netijeleri, Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna geçirilen uly göwrümli dabaraly ýöriş barada, şeýle hem HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy barada öz garaýşyny paýlaşdy we muny hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin täze möhüm tapgyr diýip atlandyrdy.

— Jenap ilçi, ŞHG döredileli bäri geçirilen iň uly sammit hökmünde, Týanszin sammiti nähili netijeleri getirdi we ŞHG-niň mundan beýläkki ösüşine ol nähili möhüm täsir eder?

— 31-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda 2025-nji ýyldaky Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti Týanszin şäherinde üstünlikli geçirildi. HHR-iň Başlygy Si Szinpin, 23 daşary döwletleriň ýolbaşçylary ýa-da olaryň wekilleri hem-de 10 sany halkara guramanyň ýolbaşçylary bilen ösüş we hyzmatdaşlyk meselelerini bilelikde ara alyp maslahatlaşmak üçin Haýhe derýasynyň kenaryna ýygnandylar. Bu ŞHG-niň soňky ýedi ýylyň içinde ilkinji gezek ýer eýesi hökmünde Hytaýyň özünde täzeden gurnalan sammitidir. Bir asyrda görlüp-eşidilmedik dünýäniň üýtgeşmeleriň öňünde Týanszin sammiti “Şanhaý ruhynyň” tugyny ýokary galdyrdy, taraplary ylalaşyga gelmäge çagyrdy, sebitdäki ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň depginini işjeňleşdirdi, ählumumy dolandyryşyň adalatly we paýhasly ulgamyny gurmak üçin “ŞHG maksatnamasyny” teklip etdi we adamzadyň bitewi ykbalynyň bileleşigini gurmaga “ŞHG-nyň güýjini” işe girizdi.

2024-nji iýulynda haçan-da Hytaý başlyklygy kabul edende we 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Týanszin sammitine çenli Hytaý tarapy “ileri tutulýan ugurlara hereket” we “terjibe hemme zatdan ýokary” ýörelgelerine eýerdi: 200-den gowrak dürli çäre geçirildi, 92 sany jemleýji resminamalar çap edildi we 36 sany möhüm hyzmatdaşlyk başlangyjy öňe sürüldi.

Týanszin sammiti sekiz sany giň we önjeýli netijeleri berdi:

geljek 10 ýylda ŞHG-y ösdürmek üçin strategiýa işlenip düzüldi;

Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň netijelerini goramak üçin adalatly sözler beýän edildi;

köptaraplaýyn söwda ulgamyny goldamak üçin adalatly wezipe beýan edildi;

“dört sany howpsuzlyk merkezi” döredildi;

ŞHG-niň Ösüş bankyny döretmek barada syýasy çözgüt kabul edildi;

amaly hyzmatdaşlyk üçin 6 sany meýdança döredildi;

ýokary hilli ösüş üçin 6 sany hereketleriň meýilnamasy işlenip düzüldi;

ŞHG özgertmekde täze üstünlikler gazanyldy – ŞHG-a agza döwletleriň sany 27-ä çenli artdy.

Bu we beýleki netijeler esasy temalara gönükdirilýär — guramanyň gurluşygy, sebitleýin hyzmatdaşlyk we ählumumy dolandyryş, şeýle hem olar adaty syýasat, howpsuzlyk we ykdysadyýet meselelerini, şeýle-de sanly ykdysadyýet we ýaşyl senagat ýaly öňdebaryjy ugurlary öz içine alýar, bu hem ŞHG-niň “amaly adamlar” we “hereket tarapdarlary” hökmünde pragmatiki görnüşini has-da aýdyň görkezdi.

Gelejegi nazara almak bilen, ŞHG Týanszin sammitinden täze başlangyç nokady hökmünde başlap, ýokary hilli ösüşiň täze tapgyryna girer — has jebisleşen, has utgaşykly, has kuwwatly we has täsirli bolup, sebitiň ýurtlarynyň ykdysady we durmuş ugurly ösüşine, umumadamzat gymmatlyklarynyň öňe sürülmegine we hakyky köp ugurly özara hyzmatdaşlyga täze goşant goşar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow “ŞHG +” formatyndaky duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşdy we çykyş etdi. Serdar Berdimuhamedow belleýşi ýaly, türkmen tarapy ŞHG-a uly ähmiýet berýär, ŞHG-niň çäginde hyzmatdaşlyga yzygiderli işjeň gatnaşýar we ulag we logistika infrastrukturasy, aragatnaşyk, energetika, söwda we senagat ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, ŞHG bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin görülýän çäreleri mundan beýäk-de dowam etdirmäge taýýardyr.

— ŞHG-niň Týanszin sammitinde Başlyk Si Szinpin ilkinji gezek Ählumumy dolandyryş başlangyjyny öňe sürdi. Onuň mazmuny we halkara derejede täsiri barada gürrüň bermegiňizi haýyş edýäris.

— Başlyk Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen Ählumumy dolandyryş başlangyjy, ŞHG-niň Týanszin sammitiniň esasy pursady boldy we ony adamzady öňe gitmeginiň ugruny görkezýän sammite öwürdi. Şu ýyl — Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy, bu ählumumy dolandyryş üçin “uly ýyl” hasaplanýar. Şu pursatda Ählumumy dolandyryş başlangyjynyň öňe sürülmegi ähli ýurtlaryň halklarynyň umumy umytlaryna we häzirki zaman dünýäniň zerurlyklaryna gabat gelýär; ol diňe gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylary tarapyndan däl, eýsem halkara guramalar tarapyndan hem gyzgyn garşylandy we goldanyldy. Ol hökmany suratda barha artýan işjeň seslenme we halkara bileleşiginiň giňden ykrar edilmegi bilen duşuşar.

Ählumumy dolandyryş başlangyjy bäş esasy pikiri öz içine alýar: özygtyýarlygyň deňlige eýermek; halkara hukuga ygrarlylygy saklamak; köptaraplylygyň ýörelgelere eýermek; adam maksatly çemeleşmä eýermek; netijelilige ygrarlylygy saklamak. Başlangyç ählumumy dolandyryşy özgertmegiň we kämilleşdirmegiň ýörelgelerini, usullaryny we ýoluny kesgitleýär. Bu ruhy ýörelgeler BMG we beýleki köptaraplaýyn mehanizmlere daýanýan ýurtlary döwür bilen aýakdaş gitmek we döwrüň çagyryşlaryna netijeli jogap bermek üçin ählumumy dolandyryş ulgamynyň özgertmelerini we gurluşygyny öňe sürmek üçin BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlary we ýörelgeleri bilen laýyk gelýär.

Duşuşyk mahalynda Prezident Berdimuhamedow Başlyk Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen Ählumumy dolandyryş başlangyjynyň halkara gatnaşyklaryň ulgamyny kämilleşdirmäge ýardam berer diýip bellei. Türkmeni tarapy doly goldawyny beýan edýär we ony bilelikde durmuşa geçirmäge taýýar.

Ählumumy dolandyryş başlangyjy, Ählumumy ösüş başlangyjy, Ählumumy howpsuzlyk başlangyjy we Ählumumy siwilizasiýa başlangyjy ýaly Hytaýyň nobatdaky möhüm başlangyjy. Dört başlangyç ileri tutulýan ugurlary bilen tapawutlanýar we ugurdaş durmuşa geçirilip bilner. Olar dürli tarapdan çalt üýtgeýän dünýäde durnuklylygy we anyklygy getirýär, Hytaýyň halkara gatnaşyklaryndaky işjeň ornuny we jogapkärçiligini görkezýär. Hytaý tarapyndan Türkmenistanyň hem-de beýleki hyzmatdaşlarynyň arasynda utgaşyklygy güýçlendirilip, Ählumumy dolandyryş başlangyjyny ynamly durmuşa geçirmek, has adalatly we paýhasly ählumumy dolandyryş ulgamy döretmek hem-de adamzadyň umumy geljegine tarap bilelikde hereket etmek üçin tagalla ediler.

— 3-nji sentýabrda Hytaý Dünýäniň fashizmine garşy uruşda gazanan Ýeňşiniň 80 ýyllygy mynasybetli uly göwrümli dabarly ýörişi geçirdi. Esasy çäreler we olaryň ähmiýeti barada gürrüň berseňiz.

— 2025-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda ir bilen Týananmen meýdançasynda Hytaý halkynyň ýapon basyp alyjylaryna garşy göreş ugrundaky urşunda gazanan Ýeňşiniň we Dünýäniň fashizmine garşy uruşda gazanylan Ýeňnň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly uly ýöriş boldy. Bu çäre Hytaý halkynyň hem-de ähli parahatçylygy söýüji halklaryň we ýurtlaryň umumy baýramydyr. HHR-niň Başlygy Si Szinpin möhüm çykyş edip, goşunlaryň dabaraly ýörişini kabul etdi. Çärä 61 sany daşary ýurtly ýokary derejeli myhmanlar — döwlet we Hökümet Baştutanlary, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, öňki döwlet işgäri we beýleki adamlar gatnaşdy.

Uly göwrümde geçirilen bu dabaraly ýörişe 45 sany dabaraly ýörüş topar gatnaşdy, ol hem Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň harby güýjiniň has kämil gurluşlaryny, täze ugurlarda täze hilde güýçleriň paýynyň artýandygyny, şeýle-de has kämil harby güýçleriniň ulgamlary ýaly möhüm aýratynlyklary görkezildi. Ähli görkezilen ýaraglar we tehnikalar ýerli önümçilik bolup, esasy nusgalary goşunlarda hyzmatda bar; bu, 2019-njy ýylda ýurduň Milli güni mynasybetli geçirilen dabaraly ýörişden soň Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň ýaraglaryň we enjamlaryň täze nesliniň iň uly görkezilişi boldy.

Nobatdaky dabaraly ýöriş — hytaý milletiniň uly gahrymançylyklarynyň çuňňur hakydasyny we hytaý halkynyň Beýik Ýeňşine hormat goýmak ýörelgesi bolup, onuň milli garaşsyzlygy, azatlygy, özygtyýarlylygy we Watanynyň buýsanjyny goralmagyndaky beýik işleri dowam etdirýär. Hytaý halkynyň ýapon basyp alyjylaryna garşy göreş ugrundaky uruşda gazanylan Ýeňşiň we Dünýäniň fashizmine garşy uruşda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan bu giň gerimli dabaraly ýörüşe Hytaýly we daşary ýurtly myhmanlar Pekinde jemlenip dabarany synladylar, bu halkara bileleşigiň parahatçylyga we ösüşe bolan umumy ygrarlylygyny we fashizmden üstün çykmagyň dünýä üçin çuňňur sapaklaryny görkezdi.

Hytaý halky duşmana garşylyk görkezip söweşen ýyllarynda beýleki ýurtlaryň halklarynyň gymmatly goldawyny hemişelik hakydada saklar we halkara bileleşigi bilen bilelikde goralýan parahatçylygy hemişelik hormatlar. Hytaý taryhyň dogry tarapynda, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşiniň tarapynda ynamly durar we bütin dünýäde parahatçylykly we ösüşli işe has uly goşant goşmaga taýýar bolar.

— 2-nji sentýabrda Başlyk Si Szinpin Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Siz HHR-niň Aşgabatdaky missiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde bu duşuşygyň Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky iki taraplaýyn gatnaşyklara edýän täsirine nähili baha berýärsiňiz?

— Hytaý bilen Türkmenistany berk syýasy ynam, hyzmatdaşlyga güýçli isleg we biri-biriniň üstüni ýetirmekde göze görnüp duran artykmaçlyklar birleşdirýär. Iýun aýynda geçirilen Astanadaky ýokary derejeli duşuşykdan soň, iki ýurduň döwlet Baştutanlary Pekinde ýene duşuşdylar, bu bolsa Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýär we olaryň ösdürilmegine täze itergi berýär.

Birinjiden, ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik ynam üznüksiz çuňlaşdyrylýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan dostlyga ygrarlydygyny bellediler hem-de giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan islegini nobatdaky gezek tassykladylar.

Başlyk Si Szinpiniň belleýşi ýaly, Hytaý bilen Türkmenistan – biri-birine ynanýan ygtybarly hyzmatdaşdyr. Hytaý tarapy türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy we alyş-çalyşy çuňlaşdyrmaga we Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda bitewi ykbal bileleşigini gurmaga taýýardyr. Prezident Berdimuhamedow öz gezeginde “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy biri-biriniň üstüni ýetirýändigini belledi; bu iki taslamanyň birleşmegi hytaý-türkmen gatnaşyklarynda täze netijeleri getirer.

Ikinjiden, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk durnukly ösdürilýär. Gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň esasy sütünleriniň biridir. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygynda gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini artdyrmaga we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara peýdaly energetika hyzmatdaşlygynyň musgasyny pugtalandyrmak isleýändiklerini tassykladylar.

Üçünjiden, köpugurly giňişlikde özara hyzmatdaşlyk has-da netijeli häsiýete bolýar. “Hytaý — Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlyk mehanizminiň kämilleşdirilmegi we ŞHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giňeldilmegi netijesinde sebitdäki köp taraplaýyn meýdançalar hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary hilli ösüş üçin täze giňişlikler we mümkinçilikler döredýär. Hytaýyň we Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň belleýşi ýaly, beýan edilen köp taraplaýyn mehanizmlerde olar ýakyndan utgaşdyrmaga we özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýar.

Dördünjiden, ynsanperwer ugurdaky alyş-çalyşlar we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler garaşýar. Taraplar intellektual eýeçilik, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe iki taraplaýyn resminamalar gol çekdiler. Bu, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çalt depginde ösdürilýändiginiň netijesidir we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň obýektiw zerurlygydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistandan has köp ýaş Hytaýa bilim almaga gidýär, olar medeniýeti bilen has içgin tanyşmak üçin hytaý dilini has gowy özleşdirmäge çalyşýar. Yzygiderli baýlaşdyrýan şertnama-hukuk binýady ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlyga täze kuwwatly itergi berer.

Bir söz bilen aýdylanda, Hytaý bilen Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň Pekinde geçirilen duşuşygy iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde täze ugurlary kesgitledi. Biz türkmen tarapy bilen birlikde iki ýurduň döwlet ýolbaşçylaryň arasynda gazanylan ylalaşyklary üns bilen durmuşa geçirmäge hem-de has täsirli netijeler gazanmaga we iki ýurduň halklarynyň ynanymy ödemäge taýýardyrys.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: