Magtymguly adyndaky TDU-da Awazada geçiriljek halkara maslahata bagyşlanan duşuşyk geçirildi
19.07.2025 | 08:55 |18-nji iýulda Magtymguly adyndaky TDU-da «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylykly geçirilmeginde meýletinçileriň orny» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşyk 4 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda guraldy.
Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, parlamentara, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň göz öňünde tutulýandygyny belläp geçdiler. Şonuň ýaly-da, halkara forum bilen ugurdaş ýokary derejedäki tematik «tegelek stollaryň», ýokary derejedäki forumlaryň 7-siniň, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygynyň, parlament forumynyň, hususy pudagyň forumynyň, raýat jemgyýetiniň forumynyň, ýaşlar forumynyň, zenan ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň, arabaglanyşyk boýunça çäräniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.
Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň we onuň çäklerinde medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň dabaraly konsertiniň geçirilmeginiň halkara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ornunyň uludygyny görkezýändigi nygtaldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek beýan edilen halkara maslahatlar, forumlar we beýleki medeni-ynsanperwer çärelerde daşary ýurtlardan gelen wekiliýet toparyna, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine hyzmat etmegiň halkara medeniýetiniň etikasy boýunça işleri alyp barmagyň kadalary beýan edildi. Bu barada TBM-niň web sahypasynda habar berilýär.
ORIENT