Türkmenistan 2025-nji ýylyň başynda Özbegistana baran syýahatçylaryň sany boýunça ilkinji onluga girdi
18.07.2025 | 09:32 |Özbegistanyň Statistika baradaky komitetiniň neşir eden maglumatlaryna laýyklykda, Türkmenistan 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Özbegistana iň köp baran raýatlaryň sany boýunça ýurtlaryň arasynda altynjy ýeri eýeledi.
Bellenen döwürde goňşy ýurda Türkmenistanyň 142,5 müň raýaty syýahaty amala aşyrdylar. Bu bolsa geçen ýylyň şol bir döwri bilen deňedirilende 2,5 esse köpdür. Şol döwür 53,8 müň türkmen syýahatçysy Özbegistana baryp gördi.
2025-nji ýylyň ilkinji bäş aýynyň dowamynda Özbegistana baran raýatlarynyň sany boýunça ýokarky bäşligine şular girdi: Gyrgyzystan (1,28 mln adam), Täjigistan (993,7 müň), Gazagystan (889,6 müň), Russiýa (334,3 müň) hem-de Owganystan (199,2 müň).
Bellen döwürde umumylykda Özbegistana 4,2 mln daşary ýurtly syýahatçy baryp gördi. Bu hem 2024-nji ýylyň şol bir döwrüniň görkezijilerinden 48,2% ýokarydyr.
ORIENT