Iň täze habarlar

Gazagystanyň parlamentinde Türkmenistan bilen özara maýa goýumlary baradaky ylalaşyk tassyklandy

21.05.2025 | 22:40 |
 Gazagystanyň parlamentinde Türkmenistan bilen özara maýa goýumlary baradaky ylalaşyk tassyklandy

Gazagystanyň parlamentiniň aşaky palatasy — Mažilis, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda özara maýa goýumlary höweslendirmek we olary goramak baradaky ylalaşygy tassyklamak hakyndaky kanun taslamasyny kabul etdi. Resminama deputatlara brifing wagtynda Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Alibek Kuantyrow tarapyndan hödürlenildi.

Kanun taslamasynyñ ara alnyp maslahatlaşylmagynyñ dowamynda deputatlar resmi wekilden ylalaşygyñ maksatly ugurlaryny düşündirmegi we Gazagystanyň göz öňünde tutýan maýa goýumlary barada giňişleýin maglumat bermegi haýyş etdiler diýip, Kursiv.media ýazýar.

«Ylalaşyk energetika, oba hojalygy, infrastruktura taslamalary we önümçilik ýaly esasy ugurlary öz içine alýar. Hususan-da, Gazagystan türkmen gazynyň importyna gyzyklanma bildirýär. Şonuň üçin bar bolan turbageçirijileriň giňeldilmegi we Türkmenistanyň gaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmek meýilleşdirilýär» - diýip, Kuantyrow belledi.

Bu resminama 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda gol çekildi. Ylalaşyk milli we halkara maýadarlara deň şertleriň döredilmegini, öwezini dolmazdan döwletleşdirmä garşy goragy, şeýle hem maýa goýum jedelleriniň milli kazyýetlerde ýa-da halkara arbitraž arkaly çözülmeginiň mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Aprel aýynyň ahyrynda Gazagystan Türkmenistanyň «Galkynyş» atly ägirt uly gaz ýatagyny özleşdirmek işine goşulmak isleýändigini mälim etdi. Häzirki wagtda «QazaqGaz» we «Türkmengaz» bu ýatagy özleşdirmegiň üçünji tapgyry boýunça bilelikdäki işler barada gepleşik geçirýärler.

ORIENT

Foto: gov.kz

Şeýle hem okaň: