Google doly mümkinçilikli akylly äýnekleri taýýarlaýar
19.05.2025 | 12:58 |Google Android operasion ulgamy esasynda işleýän, Ray-Ban Meta bilen bäsleşige niýetlenen akylly äýnekleriň işlenip taýýarlanýandygyny habar berdi.
Google I/O-nyň öň ýanyndaky çykyşda kompaniýa täze geýilýän enjamynyň — içine gurlan kameralary we emeli añy bolan Android esasly akylly äýnekleriň tizir görnüşini görkezdi.Täze enjam ulanyjynyň daş-töweregini seljerip, hakyky wagt tertibinde mazmunly maglumatlary we soraglara jogaplary hödürläp biler. Bu aýratynlyklar bilen enjam, häzirki wagtda meşhur bolan Ray-Ban Meta akylly äýneklerine bäsdeş bolar diýip çaklanylýar.
Google geýilýän tehnologiýalar we Android operasion ulgamy babatda ýygnan tejribesine daýanyp, Meta tarapyndan öňe sürlen «akylly» äýnek konsepsiýasyny has-da ösdürmegi maksat edinýär. Täze äýnekleriň häzirki zaman minimalistik dizaýna we Google-nyň özboluşly hyzmatlary bilen çuň integrasiýa eýe bolmagyna garaşylýar. Çäräniň dowamynda bu enjamyň tehniki häsiýetnamalary ýa-da mümkinçilikleri doly açylmady. Emma bu barada giňişleýin maglumat 2025-nji ýylyň 21-nji maýynda geçiriljek esasy Google I/O maslahatynda görkeziler diýlip garaşylýar. Bu täze taslamanyň yglan edilmegi, akylly äýnekler we goşmaça hakykat enjamlar bazaryndaky bäsdeşligiň güýçlenýändigini görkezýär.
ORIENT