Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremlinde Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

16.05.2025 | 23:03 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremlinde Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşyk 16-njy maýda, anna güni Kazan Kremlinde geçirildi.

Duşuşygyň öň ýanynda Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedowa 16-njy Kazan forumyna gatnaşandygy we Tatarystan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. “Biziň doganlyk halklarymyz çuňňur taryhy ruhy we medeni gatnaşyklar, netijeli söwda we ykdysady aragatnaşyklar baglanyşdyrýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen Tatarystan-Türkmenistan hyzmatdaşlygyny ösdürmäge Siziň berýän goldawyňyz we aýratyn ünsiňiz üçin çuňňur minnetdarlygymy kabul ediň” – diýip Respublikasynyň Raisi aýtdy.

Ol Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak taryhynyň bardygyny aýtdy. Köp ýyllaryň dowamynda Tatarystanyň öňdebaryjy kärhanalary Türkmenistanda üstünlikli işleýär.

Berdimuhamedow we Minnihanow ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, nebit ýataklaryny gözlemek we önümçilik, maşyn gurluşygy, energetika, derman serişdeleri we lukmançylyk, agrosenagat toplumy we beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiligi bellenildi.

Şeýle hem Tatarystanyň Raisi, medeniýet, syýahatçylyk, sport, ylym we bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini belledi. Häzirki wagtda Tatarystanyň uniwersitetlerinde takmynan 8,5 müň türkmen talyby bilim alýar. Rustam Minnihanow Kazanda senetçilik merkeziniň gurulýandygyny aýtdy we Gurbanguly Berdimuhamedowa ol ýerde türkmen ussalaryny hödürlemegi teklip etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de Tatarystan bilen işewürlik we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň geljegine ýokary baha berdi.

Şeýle hem Kazan Kremlinde Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşdy.

Mundan başga-da, Rustam Minnihanow we Gurbanguly Berdimuhamedow G.Kamal adyndaky teatrynyň täze binasyny gözden geçirdiler diýip, Respublikanyň Raisiniň web sahypasy habar berýär.

ORIENT

Foto: rais.tatarstan.ru

Şeýle hem okaň: