Iň täze habarlar

"KazanForum 2025"-de gozgalmaýan emläk, binagärlik we dizaýn boýunça Halkara sergisi geçiriler

06.05.2025 | 14:10 |
 "KazanForum 2025"-de gozgalmaýan emläk, binagärlik we dizaýn boýunça Halkara sergisi geçiriler

14-16-njy maý aralygynda eýýäm ikinji gezek geçiriljek International Property Market (IPM) atly gozgalmaýan emläk, ösüş, binagärlik we dizaýn babatda ýöriteleşdirilen Halkara sergisi we maslahaty KazanForum 2025 maslahatynyň işewürlik maksatnamasynyň bir bölegi bolar. Bu Russiýadaky işewürligiň, ekspert bileleşigiň we döwletiň arasyndaky iri ýokary hünär platformasydyr.

KazanForum-yň metbugat merkeziniň habar bermegine görä, Russiýadan, Gruziýadan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, BAE-dan we beýleki daşary ýurt döwletlerinden 28 jaý gurujy we işläp taýýarlaýjy kompaniýalar çärä gatnaşmaklaryny tassykladylar. Mundan başga-da, Türkiýeden, BAE-dan, Malaýziýadan we MENA sebitiň ýurtlaryndan işläp taýýarlaýjylar gatnaşar. Kompaniýalar hem giňden meşhur bolan taslamalary, hem-de ilkinji gezek IMP çäklerinde görkeziljek täze işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrarlar. Aýratyn üns çözgütleriň ykdysady netijeliligine, maýa goýumlary çekmek gurallaryna, durnuklylyk meselelerine, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we sanlylaşdyrma beriler.

Serginiň geçirilýän günlerinde binagärlik gurşawy boýunça IBEIS 2025 halkara yslam simpoziumy geçiriler. Bu halkara ugruň möhüm çäresi bolup, oňa binagärler, urbanistler, öwrenijiler, döwlet we dini edaralaryň wekilleri gatnaşar. Simpoziumyň esasy temalary şular bolar: şäher gurşawynyň durnukly ösmeginde yslam gymmatlyklarynyň orny, inklýuziw taslamalaşdyrma, medeni meňzeşlik, durmuş maksatlylygy, regeneratiw gurluşyk, ekologiýa taýdan arassa binagärlik tejribeleri.

“Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” köpugurly halkara ykdysady forumy gurluşyk senagatynyň wekilleri üçin hem möhüm özüne çekiji merkez boldy. Bu meýdançada täze hyzmatdaşlyklar emele gelýär, innowasion çözgütler ara alnyp malshatlaşylýar hem-de pudagyň geljege gönükdirilen ösüş ugurlary kesgitlenilýär. RF-iň Hökümet Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň aýtmagyna görä, International Property Market sergisi ýaly çäreler pudagyň ösmegine, tejribe alyşmaga hem-de bazara gatnaşyjylaryň arasynda täze işewürlik gatnaşyklarynyň ýolu goýulmagyna ýardam berýär. IPM 2025 sergisine gatnaşmaklary barada BAE-niň, Müsüriň, Kataryň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Malaýziýanyň, Merkezi Aziýa we Afrika ýurtlarynyň wekiliýetleri we spikerleri tassyklandyklary barada bellenilýär.

Foto: kazanforum.ru

Şeýle hem okaň: