Täjigistandaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdepde döredijilik duşuşygy geçirildi
30.04.2025 | 15:15 |2025-nji ýylyň 29-njy aprelinde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dusti etrabynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky 8-nji orta mekdebinde türkmen-täjik dostlugynyň pugtalandyrylmagyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çäre Täjigistanyň Ýazyjylar birleşigi, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy, Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň administrasiýasy, şeýle hem Täjik türkmenleriň medeni jemgyýeti tarapyndan guraldy. Çärä ýazyjylar, şahyrlar, žurnalistler, bilim we ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem mekdep okuwçylary gatnaşdy.
Çäräniň çäklerinde Täjigistanyň Ýazyjylar birleşigi täjik awtorlarynyň eserler ýygyndysyny mekdebe sowgat berdi. Türkmenistanyň ilçihanasy, öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň kitaplaryny sowgat berdi.
Gutlag we çuň manyly nutuklary bilen çärede Türkmenistanyň ilçihanasynyň Birinji sekretary A.Baýramow, Täjigistanyň Ýazyjylar birleşiginiň Başlygynyň birinji orunbasary A.Mirhoja, Täjigistanyň halk ýazyjysy S.Abdulhamid, “Dusti” žurnalynyň baş redaktory N.Zaýnuddinzoda, “Адабиёт ве санъат” gazetiniň baş redaktory, şahyr K.Nasimbek, şeýle hem Täjik türkmenleriň medeni jemgyýetiniň Başlygy D.Gaýypnazarow çykyş etdiler.
Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän bu mekdebiň iki döwletiň Baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda ösdürilýän Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky mäkäm dostlugyň janly nyşany bolup durýandygy barada bellenildi. Çykyşlarda Magtymgulynyň parahatçylygy, agzybirligi we ynanyşmagy ündeýän edebi mirasynyň ynsanperwerlik we köptaraply ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Döredijilik duşuşygyň çäklerinde türkmen we täjik halklarynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan sergi, şol sanda türkmen halyçylyk sungatyny açyp görkezýän ekspozisiýa guraldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň kitaplary gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.
Täjik türkmenleriň medeni jemgyýetiniň tans toparynyň çykyşlary çäräniň medeni maksatnamasyna aýratyn bezeg goşdy. Olar ýygnanalarda ajaýyp we ýakymly duýgylary döreden milli türkmen küşdepdi tansyny ýerine ýetirdiler.
Şeýle döredijilik duşuşygyň geçirilmegi Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlugyň, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna möhüm goşant boldy.
ORIENT news