Ýewropa bazaryna nähili girmeli: bilermen Murtaza Umerkulow dokma sertifikasiýasy barada
26.04.2025 | 16:00 |“Türkmenistanda halkara standarlaryna laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara gatnaşyjylarynyň gatnaşyjylarynyň arasynda pudagyň geljegini düzýän ýaş we çalt ösýän bilermenler hem bar. Şolaryň biri – “Chase United” kompaniýasynyň sertifikasiýa boýunça bilermeni Murtaza Umerkulowdyr. Asly täjigistanly bolup, Italiýada bilim aldy, Gollandiýada tejribe geçdi we häzirki wagtda halkara sertifikasiýa we durmuş auditi ugurlary boýunça, aýratyn-da, dokma senagatynda durnukly ösüş we hil standartlary babatynda öňdebaryjy bilermenleriň biri hasaplanýar.
Murtaza Umerkulow Aşgabatdaky “QACIS” forumynyň bir bölegi bolmagyň özi üçin abraýdygyny buýsanç bilen aýtdy. Ol bu möhüm sebit meýdançasynda – “OECD”-niň standartlary we ÝB-niň kadalaşdyryjy talaplary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dokma eksportynyň geljegine nähili täsir edýär – diýen, aýratyn esasy tema boýunça çykyş eder.
Öz çykyşynda bilermen “OEKO-TEX Standard 100” ýaly standartlaryň we beýleki ulgamlaryň Ýewropa bazarynyň ynam, aç-açanlyk we durnuklylyk talaplaryna nähili laýyk gelýändigini jikme-jik düşündirer. Onuň üns merkezinde bolsa – eksport mümkinçiliklerini açýan laýyklygy gazanmak üçin zerur amaly ädimler bolar.
Elbetde Murtaza Umerkulowyň maslahatdaky esasy maksady – üpjünçilik zynjyryndaky ähli möhüm taraplaryň: alyjylaryň, öndürijileriň we pudagyň syýasatyny döredijileriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekdir. Onuň pikiriçe, şeýle hyzmatdaşlyk sebitde has güýçli we bäsdeşlige ukyply sertifikatlaşdyrylan dokma üpjünçilik ulgamyny döretmek üçin zerurdyr.
Murtaza Umerkulow foruma ähli gatnaşyjylary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge umyt bildirdi we Aşgabatda “QACIS 2025”-de duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.
ORIENT