Ählumumy standartlar: “GOTS”-yň esaslandyryjylarynyň biri Katarina Şaus Aşgabatdaky “QACIS 2025”-de çykyş eder
26.04.2025 | 16:30 |Ýakynda geçiriljek “Türkmenistanda halkara standarlaryna laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahatynda dürli pudaklarda öňdebaryjy halkara bilermenleri özüne çeker. Forumyň esasy gatnaşyjylarynyň biri “It fits – Organic Textile Partner” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Katarina Şaus bolar. 30 ýyldan gowrak halkara tejribesi bolan ykrar edilen hünärmen Şaus, ählumumy standart “GOTS”-nyň (Global Organic Textile Standard) esaslandyryjylarynyň biri we durnukly dokma ulgamlary pudagyny we ÝB düzgünnamalary boýunça öňdebaryjy bilermendir.
Katarina Şaus durnukly ösüş strategiýalary we dokma üpjünçilik zynjyryndaky sertifikasiýa ulgamlary boýunça ýöriteleşendir. Öz wideo ýüzlenmesinde ol maslahatyň dowamynda dünýäde kabul edilen esasy standartlar we sertifikasiýa ugurlary barada gürrüň berjekdigini aýtdy. Bu bilim her bir halkara bazara çykmagy maksat edinýän dokma öndürijiler üçin örän möhüm bolup durýar.
Katarina Şaus dünýäniň dürli künjeklerinde, şol sanda Özbegistanyň pagta pudagyndaky soňky işleri esasynda toplan tejribesine daýanyp, dokma kärhanalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin amaly maslahatlar berer. Bu maslahatlar “GOTS”, “Oeko-Tex” ýaly öňdebaryjy standartlar boýunça amaly okuwlary we şahsy tälimçilik çärelerini hem öz içine alar. Şeýlelikde, kärhanalara ählumumy talaplara laýyk ösüş ýolunda ýardam berler.
Katarina Şausyň gatnaşmagy Türkmenistanyň dokma pudagynyň hünärmenlerine dünýäniň durnuklylyk we hil boýunça häzirki zaman ugurlary bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolar. Bilermen “QACIS 2025”-de pudagyň hünärmenlerini bilen boljak duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
ORIENT