Iň täze habarlar

Silikon jülgesinden strategiň garaýşy: Klinton Teýlor - Hil we sarp edijiniň düşünjesi barada

26.04.2025 | 17:00 |
 Silikon jülgesinden strategiň garaýşy: Klinton Teýlor - Hil we sarp edijiniň düşünjesi barada

29-30-njy aprel aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanda halkara standarlaryna laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahatynyň öňüsyrasynda, oňa gatnaşyjylaryň biri bolan, “BSIDE” kompaniýasy esaslandyryjy Klinton Teýlor öz garaýşyny beýan etdi. 25 ýyldan gowrak tejribesi bolan dizaýn we innowasiýalar pudagynda meşhur strateg, professor we halkara maslahatçy Klinton Teýlor guramalara adamlaryň we üstünligiň guramaçylyk faktorlaryna ünsi jemläp, innowasiýalaryň, ulgamlaryň we strategiýalaryň arasynda baglanyşyk gurmaga kömek edýär.

Klinton Teýlor Aşgabatda geçiriljek maslahatda çykyş eder. Ol özüniň wideo ýüzlenmesinda guramalaryň halkara standartlaryna diňe resmi, kagyz ýüzünde däl, eýsem hakykatda – öz toparlarynyň içinde, ulgamlarynyň we gündelik işlerinde nähili durmuşa geçirip boljakdygyny ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

Bilermeniň pikiriçe, standartlary üstünlikli durmuşa geçirmegiň we degişli başarnyklary ösdürmegiň açary, hyzmat edýän adamlaryňa çuňňur düşünmekdir. Bu çemeleşme, guramalara öz tagallalarynyň bazaryň talaplaryny hakykatdanam kanagatlandyrmagyny üpjün etmek arkaly önümleri we amallary gowulandyrmak üçin netijesiz maýa goýumlaryndan gaça durmaga mümkinçilik berýär.

Klinton Teýlor standartlary durmuşa geçirmekde amaly çemeleşmeleri paýlaşmaga taýýardygyny we Aşgabatda “QACIS 2025”-de geçiriljek gepleşiklerde dürli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen duşuşmaga we netijeli pikir alyşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny mälim etdi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: