Iň täze habarlar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde robototehnika boýunça ýaryşlar geçirildi

21.04.2025 | 15:39 |
 Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde robototehnika boýunça ýaryşlar geçirildi

2025-nji ýylyň 19-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robototehnika boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýaryş Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guraldy.

Bäsleşik ýaşlarda kompýuter tehnologiýalary bilen işlemek ukyplaryny ösdürmäge, logiki pikirlenmäni we döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Bäsleşige ýurduň orta mekdepleriniň, bilim merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň mekdep okuwçylaryndan we talyplaryndan ybarat bolan 52 topar gatnaşdy. Robotlar guramaçylar tarapyndan taýýarlanan “gara çyzyk” boýunça hereket etmelidiler.

Ýaryşlaryň jemleri boýunça iň gowy netijeleri görkezen 3 topar ýeňiji diýlip yglan edildi.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: