Türkmenistanda TNGIZT-iñ suw infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýarlar
21.04.2025 | 15:32 |Geçirilen Ministrler Kabinetiniñ mejlisinde B.Amanow Prezident Serdar Berdimuhamedowa "Türkmennebit" Döwlet konserniniñ Türkmenbaşynyñ nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyñ suw infrastruktura desgalaryny we ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilşi ýaly, çäreler "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy" çäklerinde amala aşyrylýar. Esasy maksat bolsa bökdençsiz suw üpjünçiligiñ hasabyna önümçilik prosesiniñ durnukly işleýşini üpjün etmek, şeýle hem döwrebap tehnologiýalaryñ giñ ornaşdyrylmagy bilen senagat desgalarynyñ infrastrukturasyny kämilleşdirmekdir.
Degişli teklip döwlet Baştutanymyzyñ garamagyna berildi. Hasabatyñ netijelerini jemlemek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän maksatly işleriñ wajyplygy barada belledi.
Hödürlenen başlangyjy makullap, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ony durmuşa geçirmek üçin zerur çäreleri kabul etmegi tabşyrdy.
ORIENT news