Pekinde adamlaryň we robotlaryň gatnaşmagynda dünýäniň ilkinji ýarym marafony geçirildi
21.04.2025 | 10:23 |19-njy aprelde Pekindäki “Inçžuan” tehniki-ykdysady ösüş zolagynda adamlar bilen deň derejede robotlaryň gatnaşmagyndaky dünýäniň ilkinji ýarym marafony geçirildi.
21 km uzaklykdaky ylgamak boýunça ýaryşda müňlerçe adam türgenlere 21 sany adama meňzedilen robotlar goşuldy. Bilelikde ylgamaga başlan adamlardan tapawutlylykda, robotlar bir minut wagt aralygy bilen nobat boýunça başladylar. Robotlaryň ýanynda “türgenler” – işläp taýýarlaýjylar bardy. Sebäbi hem awtonom, hem elde uzak aralykdan dolandyrmak mümkinçiligi rugsat edildi.
Düzgünlere laýyklykda, robotlaryň batareýlerini çalyşmaga, zerur bolan ýagdaýda bolsa estafeta görnüşinde robotlaryň özüni çalyşmaga rugsat berildi. Her bir çalyşma üçin 10 minutlyk jerime salynýardy. Munuň bilen birlikde robotlar bellenen ugur boýunça hereket edip, ähli tehniki düzgünleri berk berjaý etmelidiler. Mundan başga-da, düzgünler ýoluň zaýalanmagy we beýleki robot-bäsdeşlerine we adamlara zeper ýetirmek gadagan edýärdi. Ylgaýan robot-türgenleriň umumy iş dowamlylygy 3 sagat 30 minuda barabar boldy.
Pellehana Tiangong Ultra roboty birinji bolup geldi. Ol aralygy 2 sagat 40 minut 42 sekunt wagtyň dowamynda geçip, öz garşydaşlaryndan öňe geçmegi başardy. Ýeňiji-robotyň baýragyny başga adama meňzedilen robot gowşurdy.
Adamlaryň arasynda Efiopiýanyň türgenleri gowy netije görkezdiler. Olar erkekleriň arasynda 1 sagat 2 minut 36 sekunt hem-de aýallaryň arasynda 1 sagat 11 minut 7 sekunt wagty görkezdiler.
ORIENT news