Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

21-nji aprelden başlap Aşgabatdaky №18 we №77 awtobuslaryñ hereket ediş ugry üýtgär

19.04.2025|14:35|
778
21-nji-aprelden-baslap-asgabatdaky-18-we-77-awtobuslaryn-hereket-edis-ugry-uytgar
Surat çeşmesi: awtoulag.gov.tm

2025-nji ýylyň 21-nji aprelinden başlap Aşgabatda 18-nji “Parahat 7 – Howa menzili” we 77-nji “Teke bazar - Awtokombinat” awtobuslaryñ hereket ediş ugurlaryna üýtgeşme giriziler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.

Täzelenen ugur Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugry bilen hereket edip, Amyderýa köçesine günorta tarapa öwrülip, “Jahan döredijilik merkezine” barar. Soñra şol ýoluň ugry bilen Alma-ata köçesine tarap hereketi dowam etdirmek bilen, Weli-Ahmedow köçesine demirgazyga dogry gidip, Hoja Ahmet Ýasawy köçesi bilen öňki ugruna dolanar.

ORIENT news