Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

TDU-da milli däp-dessurlar we gender deňligi boýunça çäre geçirildi

02.04.2025|18:20|
1133
tdu-da-milli-dap-dessurlar-we-gender-denligi-boyunca-care-gecirildi
Surat çeşmesi: education.gov.tm

1-nji aprelde Magtymguly adyndaky TDU-da ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda milliligimizi, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, şeýle hem Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde ýaşlarymyzyň gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen, “Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň wekilleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zenan professor-mugallymlary, talyp gelin-gyzlary bilen birlikde “Ene mähri” diýen hormatly adyň eýeleri bolan köp çagaly eneler hem gatnaşdylar.

Çykyş edenler, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, gyz gözelligi, edep-ekramy, maşgala mukaddesligi, milli däp-dessurlarymyz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, zenan mertebesi dogrusynda belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.

Şonuň ýaly-da, uniwersitetiň eýwanynda guralan türkmen milli amaly-haşam sungatynyň sergisi özboluşly aýratynlygy bilen çäräniň şowhunyny artdyrdy.

ORIENT