Iň täze habarlar

Türkmen mugallymlarynyň Rumyniýa sapary - esasy tema: ekologiýa we durnukly ösüş

01.04.2025 | 19:40 |
 Türkmen mugallymlarynyň Rumyniýa sapary - esasy tema: ekologiýa we durnukly ösüş

22-28-nji mart aralygynda ÝB-niň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde, Merkezi Aziýa döwletleri bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen “Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak” (ESGCA) atly taslamasy boýunça, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat topar Rumyniýanyň Sibiu şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Sibiu şäherindäki Luçian Blaga adyndaky uniwersiteti (Universitatea «Lucian Blaga» din Sibiu) bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaş ýokary okuw mekdebi hökmünde saýlanyldy.

Ýatlap geçsek, 2021–2027-nji ýyllar üçin niýetlenen Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän ESGCA taslamasynyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ekologiýa we durnukly ösüş ugurlary boýunça bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ýardam etmekden ybarat bolup, sebitde ýokary bilimiň hilini ýokarlandyrmaga uly täsir edýär.Taslamanyň esasy wezipesi ekologik meselelerini durmuş zerurlyklary we netijeli dolandyrylyş ýörelgeleri bilen özara baglanyşdyrmakdan ybaratdyr. Bu taslama gatnaşýan hyzmatdaşlar Italiýanyň, Rumyniýanyň, Slowakiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleri bolup durýar.

Saparyň çäklerinde ESGCA we durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny öwrenmäge gönükdirilen umumy sapaklary, seminarlary, pikir alyşmalary hem-de amaly sapaklary öz içine alýan tasirli maksatnama guraldy. Rumyniýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinden gelen hünärmenler öz bilimlerini, amaly tejribelerini hem-de öňden bar bolan başlangyçlaryň netijelerini paýlaşdylar.

Sapaklaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar okatmagyň öňdebaryjy usullary, okuw maksatnamalaryny taýýarlamagyň innowasion çemeleşmeleri hem-de ekologiýa we dolandyryş ugurlarynda häzirkizaman dünýä tendensiýalary bilen tanyşdylar. Mugallymlar ekologiýa, sosial dolandyryş we durnukly ösüş ugurlarynda kämil hünärmenleri taýýarlamakda zerur bolan amaly başarnyklar bilen nazaryýet bilimleriniň özara baglanyşygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ekologiýany jemgyýetçilik we ykdysady ugurlar bilen utgaşdyrmak, şeýle hem Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün edip biljek okuw maksatnamalary işläp düzmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de okuwlara gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar, bilim bermek işine öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak we beýleki ýurtlarda üstünlikli durmuşa geçirilen maksatnamalaryň amaly mysallary bilen tanyşdylar.

Taslamanyň çäklerinde döredilýän täze magistr okuw maksatnamasynyň nazary taýýarlygy amaly başarnyklar bilen utgaşdyrmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, taslamanyň çäklerinde geljekde duşuşyklaryň we täze okuw türgenleşikleriň guralmagy meýilleşdirilýär.

Iş saparynyň çäklerinde, gatnaşyjylaryň Rumyniýanyň Sibiu şäherinde ýerleşýän “Continental” awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny taýýarlaýan önümçilik kärhanasyna gezelenji guraldy. “Continental AG” halkara konserniniň bir bölegi bolup durýan bu awtoulag infrastrukturasynyň tehnologiýalaryny öndürmekde öňdebaryjylaryň biridir. Bu önümçilik kärhanasy “ýaşyl önümçilik” düşünjesini işjeň durmuşa geçirip, ekologiýa taýdan arassa materiallary ulanmagy, energiýa we suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryny ulanmagy has-da işjeňleşdirmegi, şeýle-de kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmagy maksat edinýär. Mugallymlar kärhananyň daşky gurşawa zyýanly täsirini azaltmak strategiýalary bilen tanyşdylar.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: