Brýusseldäki türkmen medeniýetiniň agşamy: dialog we däp-dessurlar
28.03.2025 | 22:45 |Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasy medeniýetara dialogy, halk diplomatiýasyny we ýurduň medeni mirasyny tanyşdyrmaga bagyşlanan medeni agşam geçirdi.
Bu çäre, bitaraplyk we parahatçylyk meseleleri boýunça Ýewropa Parlamentinde geçirilen resmi sessiýanyň dowamy boldy, ýagny Ýewropanyň mediasynda rezonans gazandy, hususan-da, “Eurasia Review” we “EU Today” neşirleri oňa bagyşladylar.
Türkmenistanyň Ilçihanasy Medeniýet syýasaty we dolandyryş bilimi boýunça Ýewropa tory (ENCATC) bilen bilelikde medeni agşamyň gurnaýjysy bolup çykyş etdi. Çäre sungat, medeni guramalar, KHBS-niň wekillerini, Ýewropa Parlamentiniň agzalary we Brýusselde akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bir ýere jemledi.
Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow gutlag sözi bilen çykyş edip, parahatçylyk pelsepesinde medeniýet bilen bitaraplygyň arasyndaky aýrylmaz baglanyşyga ünsi çekdi. “Medeniýet, halklaryň arasynda köpri gurýar – islendik syýasy ylalaşykdan pugta we uzak möhletli” – diýip ol belledi. Şeýle hem ilçi, Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň dowamy bolan bilelikdäki medeni taslamalary hem Ýewropada we hem ýurduň özünde durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
“ENCATC”-niň Baş sekretary hanym Žanali Çoliandro-Beýense çäräni gurnamaga gatnaşandygy we goldawy üçin aýratyn minnetdarlyk bildirildi. Çykyşynda, ynsanperwer dialogyň we durnukly halkara hyzmatdaşlygyň esasy hökmünde medeniýetiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Şeýle hem Merkezi Aziýa-Ýewropa döredijilik bileleşiginiň düýbüni tutujy hanym Ýelena Haritonowa Ilçihana bilen işjeň hyzmatdaşlygy we sebitleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürýändigi üçin minnetdarlyk bildirildi.
Agşamyň çäginde Türkmenistanyň medeni mirasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmen halkynyň senetleriniň baý taryhyny, özboluşlylygyny we çeper keşplerini alamatlandyrýan adaty şaý-seplere, milli keşdelere hem-de bezeg we amaly sungatlara aýratyn üns berildi.
Myhmanlar türkmen medeniýetiniň nyşanyny, stilini we ruhy manylaryny ara alyp maslahatlaşyp, hödürlenen eksponatlara gyzyklanma bildirip tanyşdylar.
Bu çäre, gatnaşyjylara diňe bir sungat arkaly medeniýet bilen tanyşmaga däl-de, eýsem tagamyny duýmaga mümkinçilik berýän adaty türkmen palawyň hödür edilmegi bilen tamamlandy – munuň özi türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň we sahylygynyň ýene bir aýdyň beýanydyr.
ORIENT