Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Hytaýyň Täze ýyly
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Talyplarynyň arasynda “Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasy geçirilýär

24.03.2025|19:00|
1192
talyplarynyn-arasynda-inlis-dili-dersi-boyunca-iv-halkara-internet-olimpiadasy-gecirilyar
Surat çeşmesi: education.gov.tm

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty talyplaryň nazary we amaly bilimlerini berkitmek hem-de kämilleşdirmek, olarda iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesi artdyrmak we daşary ýurt dillerine zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-11-ne Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň dil we beýleki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek “Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar 2025-nji ýylyň mart aýynyň 31-ne çenli datmddi.edu.tm resmi internet sahypasynda hasaba alynmalydyrlar.

Olimpiadany guramaçylykly geçirmek maksady bilen aprel aýynyň 1-2-ne Olimpiadanyň saýlama tapgyry geçirilýär.

Olimpiadanyň açylyş dabarasy 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-una institutyň uly mejlisler zalynda geçiriler. Oňa türkmenistanly gatnaşyjy talyplar gelip, daşary ýurtly gatnaşyjylar onlaýn görnüşde gatnaşarlar.

Aprel aýynyň 10-11-ne Olimpiada Düzgünnamada bellenen tertipde geçiriler.

Olimpiadanyň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomy bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin: interolymdatmddi@gmail.com

ORIENT