Türkmen milli dünýä dilleri institutynda "AELLCA" taslamasy esasynda dabaraly maslahat geçirildi
24.03.2025 | 17:45 |Türkmen ýaşlaryna dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlykda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär.
Golaýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Merkezi Aziýada iňlis dilini ýaýratmak” (AELLCA-Accelerating English language learning in Central Asia) taslamasynyň esasynda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Stefen Konlonyň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliniň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi.
Çärede okuw biliminiň barlagy boýunça Beýik Britaniýanyň Nottingam Trent uniwersitetiniň tejribeli mugallymy Stiw Şarpyň alyp baran okuw sapaklaryna gatnaşyp, synaglardan üstünlikli geçip, hünär derejelerini ýokarlandyran Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili mugallymlaryna degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
ORIENT