Iň täze habarlar

Planetanyň gök we ýaşyl bolmagy üçin: halkara tagallalaryň birleşmegi

20.03.2025 | 19:45 |
 Planetanyň gök we ýaşyl bolmagy üçin: halkara tagallalaryň birleşmegi

Mart aýynyň üçünji on günlüginde ekologiýa we howa bilen baglanyşykly birnäçe wakalar bellenilýär. Bu çäreler tebigatda bolup geçýän özgerişlikler hakynda habardarlygy artdyrmaga we häzirki kynçylyklary bilelikde çözmek üçin tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. 21-nji martda Halkara Nowruz baýramy bellenilýär. Bu gün dürli ýurtlarda ýaşaýyş jaýlaryny we daşky gurşawy arassalamak, şeýle hem ekologiýa abadançylygyny gowulandyrýan köpçülikleýin bag we gyrymsy agaçlary ekmek çäreleri geçirilýär.

19032025-planeta-goluboj-i-zelenoj- (9).jpg

Şol bir wagtda, 21-nji mart Halkara tokaýlar güni hem bellenilýär. Tokaýlar azyk howpsuzlygynyň iň möhüm ekoulgamlarynyň biri hasaplanýar. Mundan başga-da, olar agaç ýangyjyny üpjün edip, iýmit taýýarlamakda, oba hojalygynda, topragy baýlaşdyrmakda, howany kadalaşdyrmakda we bioçeşmeliligi saklamakda möhüm rol oynap, tozanlandyryjylary kabul edýär.

19032025-planeta-goluboj-i-zelenoj- (13).jpg

Tokaýlaryň suw bölünişlikleri dünýäniň uly şäherleriniň 85%-den gowragyny arassa agyz suwy bilen üpjün edýär. Çökgünlik ýagdaýlarda tokaýlar ykdysady we azyk howpsuzlygynyň esasy çeşmesine öwrülip, oba ýerlerinde maşgalalaryň girdejisiniň 20%-e çenli üpjün edilmegine kömek edýär. Tokaýlary goramak we dikeltmek — gaýragoýulmasyz we zerur meseledir, sebäbi olaryň abat saklanmagy planetanyň we geljekki nesilleriň abadançylygyna gös-göni täsir edýär diýip, centralasiaclimateportal.org belleýär.

19032025-planeta-goluboj-i-zelenoj- (5).jpg

Şu ýyl, 21-nji mart ilkinji gezek BMG tarapyndan yglan edilen Bütindünýä buzluklar güni hökmünde hem belleniler. Bu günüň ähmiýeti, buzluklaryň Ýeriň ekoulgamynyň möhüm bölegi bolup, arassa agyz suwunyň esasy ätiýaçlygy we planetanyň saglygynyň görkezijisi bolmagynda jemlenýär. Olar millionlarça adamy suw bilen üpjün edýär, deňiz derejesini kadalaşdyrýar we biodürliligi saklaýar. Planetanyň temperaturasy ýokarlansa, buzluklar çalt ereýär, bu bolsa suwuň ýetmezçiligine, deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna we tebigy betbagtçylyk howpunyň artmagyna, şol sanda suw joşmalaryna we süýşgünlere getirýär.

19032025-planeta-goluboj-i-zelenoj- (12).jpg

Bu üýtgeşmeler ekoulgamlary, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we dünýä ykdysadyýetini howp astyna goýýar. Şonuň üçin buzluklary goramak we olaryň ekoulgamdaky ornunyň geljekki nesiller üçin saklanmagyny gazanmak zerurdyr. ÝUNESKO we Bütindünýä meteorologiýa guramasy BMG-niň öňdebaryjy agentlikleri bolup, bu ekzistensional meseläniň çözgüdi ugrunda halkara tagallalary birleşdirmek üçin jogapkärdir.

19032025-planeta-goluboj-i-zelenoj- (10).jpg

Şu ýyl «Buzluklary gorap saklamak», 22-nji martda bellenilýän Bütindünýä suw serişdeleri gününiň esasy temasy bolup durýar. Şol gün halkara guramalar tagallalary birleşdirmegi we buzluklary gorap saklamagy howanyň üýtgemegine hem-de global suw çökgünligine garşy göreş meýilnamalarymyzyň merkezine çykarmagy teklip edýär.

Bütindünýä suw serişdeleri gününiň 2025-nji ýyl üçin esasy habarlary aşakdakylardan ybarat:

Buzluklar öňküsinden has çalt ereýär. Howanyň üýtgemegi sebäpli planetamyz ýyladygyça, suw aýlanyşygy has öwrümli we çylşyrymly ýagdaýa geçýär.

Buzluklaryň yza çekilmegi betbagtçylyklara getirýär. Milliardlarça adam üçin buzluklardan erän suw akymlary üýtgeýär. Bu bolsa suw joşmalaryna, guraklyklara, süýşgünlere we deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna sebäp bolup, ekoulgamlar üçin uly zyýan ýetirýär.

Buzluklary gorap saklamak – bu ýaşaýyşyň baş ýörelgesidir. Adamzat we tebigat üçin parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we erän suwlary has durnukly dolandyrmak maksady bilen bilelikde iş alyp barmalydyrys.

19032025-planeta-goluboj-i-zelenoj- (3).jpg

23-nji martda Bütindünýä meteorologiýa guramasy her ýyl 1950-nji ýylda onuň döredilmegi baradaky Konwensiýanyň güýje girmegini belleýär. Bu gün milli meteorologiýa we gidrologiýa gulluklarynyň jemgyýetiň howpsuzlygyna we abadançylygyna goşýan uly goşandyny görkezýär we bütin dünýäde dürli çäreler bilen bellenilýär. Bütindünýä meteorologiýa gününiň temalary howa, howanyň üýtgemegi we suw bilen bagly aktual meseleleri şöhlelendirýär. 2025-nji ýylyň Bütindünýä meteorologiýa gününiň temasy — «Bilelikdäki tagallalar bilen irki duýduryşdaky boşluklary aradan aýyralyň».

19032025-planeta-goluboj-i-zelenoj- (8).jpg

ORIENT

Foto: nathab.com

Şeýle hem okaň: