Türkmenistanyň Baş Konsullygy Milli bahar baýramyna bagyşlanan Kazandaky çärä gatnaşdy
22.03.2025 | 20:30 |21-nji martda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan ş.) Baş Konsullygy Kazanda guralan Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy.
Baýramçylyk Kazan atçylyk toplumynyň çägindäki Han howlusynda geçirildi. Tatarystanyň Raisi, Parlamenti we Hökümetiniň adyndan baýramçylyk meýdançasyna gelen myhmanlary we gatnaşyjylary Döwlet Geňeşiniň Başlygy, Tatarystanyň Halk Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin gutlady.
Şu ýyl umumy şäher derejesindäki baýramçylykda Türkmenistan, Eýran, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Owganystan, Türkiýe, Azerbaýjan we Tatarystan öz milli medeniýetlerini görkezdiler. Her bir meýdançada myhmanlar bu halklaryň milli tanslary, aýdymlary bilen tanyşmaga, şeýle-de olaryň milli tagamlaryndan dadyp görmäge mümkinçilik aldylar.
Türkmen meýdançasynda elde dokalan ajaýyp halylar, milli egin-eşikler, bezeg şaýlary we sowgatlyk önümler, şol sanda Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary görkezildi. Nowruzyň esasy baýramçylyk tagamy bolsa, däp boýunça dürli türk halklarynyň taýýarlanyş usullary esasynda bişirilen palaw boldy. Baýramçylyk çäklerinde «Nowruz gözeli» we «Nowruz batyry» bäsleşikleri geçirildi, bu bäsleşiklere türkmen talyplary işjeň gatnaşdylar. Mundan başga-da, baýramçylykda taýýarlanylan iň tagamly palawyň awtory üçin ýörite baýrak bellenildi.
«Nowruz-2025» dabarasynyň guramaçylary hökmünde TR-nyň halklarynyň Assambleýasy, TR-nyň Halklaryň dostlugy öýi, Tatarystanyň Medeniýet ministrligi we Kazan şäheriniň ýerine ýetiriji komiteti çykyş etdiler.
ORIENT