Innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletimiziň öňünde durýan halkara maksatlar
21.03.2025 | 10:10 |20-nji martda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institunynyň Gahryman Arkadagymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatynda eden taryhy çykyşynyň ähmiýetine bagyşlanyp aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahata Ulag-kommunikasiýa toplumynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institunynyň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
«Milli Liderimiziň çykyşy sebitiň ösüşinde möhüm ähmiýetli bolup, dünýäniň ösüşini, halklaryň hoşniýetli gatnaşyklaryny nazarlaýar. Munuň özi halklaryň ynanyşmagyndan, parahatçylykdan nyşandyr. Şonuň bilen bir hatarda halklaryň hoşniýetli gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegidir» diýip maslahata gatnaşyjylar belläp geçdiler.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri maslahatyň dowamynda halkara ülňülerine gabat gelýän hem-de maglumat alyşmagyň ýokary hilini üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm merkez Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda uly ähmiýetli maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde orny barada gürrüň berdiler.
ORIENT news