Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

BELTA: Aleksandr Lukaşenkonyň resmi ýagdaýda wezipä girişmek dabarasynyň senesi belli boldy

20.03.2025|15:35|
1439
belta-aleksandr-lukasenkonyn-resmi-yagdayda-wezipa-girismek-dabarasynyn-senesi-belli-boldy
Surat çeşmesi: rbc.ru

Täze bellenen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň resmi ýagdaýda wezipä girişmek dabarasy 2025-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriler. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw topary (MST) habar berdi.

Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasyna laýyklykda, prezident Ählibelarus halk ýygnagynyň prezidiumynyň wekilleriniň, Wekiller palatasynyň wekilleriniň, Respublikanyň Geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem Konstitusion we Ýokary kazyýetleriniň kazylarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda kasam kabul etmeli.

Bu eýýäm Lukaşenkonyň prezident wezipesindäki ýedilenji möhleti. 26-njy ýanwarda geçirilen saýlawlarda Lukaşenko saýlawçylaryň 86,82% seslerini gazandy. Bu hem 5 mln sesden gowrakdyr. Ikinji orny 3,21% ses bilen Sergeý Syrankow, üçünji ýeri bolsa – 2,02% ses bilen Oleg Gaýdukewiç eýelediler.

ORIENT news