Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow Alparslan Baýraktary kabul etdi

20.03.2025 | 03:45 |
 Serdar Berdimuhamedow Alparslan Baýraktary kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.

Alparslan Baýraktar döwlet Baştutanyna Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede Türkmenistan bilen giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara forumyň netijeleriniň energetika ulgamyndaky döwletara hyzmatdaşly mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly itergi berjekdigine ynam bildirdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplaryň belleýşi ýaly baý taryha eýe bolan türkmen-türk doganlyk gatnaşyklary syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Energetika babatda alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk hem munuň aýdyň mysalydyr.

Häzirki wagtda Türkiýe Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir we ýurduň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk, maýa goýumlar pudaklarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler nygaldy. Döwlet Baştutany tebigy we uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň Türkiýe bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Häzirki döwürde türkmen gazynyň Türkiýä iberilmegi we şol ýerden bolsa beýleki isleg bildirýän ýurtlara çykarylmagy möhüm meseleleriň biri bolup durýar.

Mundan başga-da, türk kompaniýalary tarapyndan Hazar deňziniň türkmen kenarynda birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň gurulmagy netijesinde türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna hem-de beýleki ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutany şeýle hem Türkmenistanyň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça hem türk hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge, netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.

ORIENT

Foto: aa.com.tr

Şeýle hem okaň: