Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygy we sebitleriň ösüşiniň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
18.03.2025 | 06:30 |Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly möhüm ugurlara garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek şol sanda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat bediler Ähli welaýatlarda gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar şeýle hem ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri geçirilýär.
Hasabatda ýurtda ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýazky bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çärelere aýratyn üns berildi. Şeýle hem häkimler Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Wise-premýer Atahallyýew ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň gidişi şol sanda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini dowam etdirmek we gowaça ekişine guramaçylykly girişmek barada umumy hasabat berdi. Ol şeýle hem, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde oba hojalygynyň esasy ornuny belledi. Bu pudagy döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmegiň, oba hojalyk önümçiliginde milli ekerançylyk däpleriniň dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutany gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň, oba hojalyk ekinleriniň ähli görnüşlerine ideg işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi, öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmak şeýle hem ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmekligi tabşyrdy.
Prezident Milli bahar baýramy mynasybetli bellenen çäreleri ýokary derejede geçirmegi, baýramçylyk günlerinde sebitleriň bazarlaryny we dükanlaryny azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagy, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň iş maslahatyny ýazky möwsümde ekin meýdanlarda işleriniň gidişi, çäkleri abadanlaşdyryş we ýakyn wagtda geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk meselesini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy, bu bolsa döwletiň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge we sebitlerde ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga ilkinji nobatda üns berýändigini görkezýär.
ORIENT