Iň täze habarlar

Dohada Türkmenistanyň we Kataryň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi: TOPH gaz geçirijisine ünsi jemlemek

17.03.2025 | 00:50 |
 Dohada Türkmenistanyň we Kataryň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi: TOPH gaz geçirijisine ünsi jemlemek

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Doha saparynyň çäginde Katar Döwletiniň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Ministrler yzygiderli ýokary derejeli duşuşyklaryň türkmen-katar gatnaşyklaryna hil taýdan täze derejä çykmagyna uly itergi berýändigi belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli ösüşini nygtadylar.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin esasy ugurlaryň energetika, maýa goýum we ulag pudaklarydygy bellenildi

Taraplar şeýle hem sebit howpsuzlygy we ösüşiň ileri tutulýan meseleleri, hem-de Owganystandaky durmuş-ykdysady ýagdaýlar barada düýpli pikir alyşdylar.

Uly göwrümli energiýa taslmasy – Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň Owganystanyň çägindäki Serhetabat-Hyrat böleginde gurluşyk işleriniň gidişine aýratyn üns çekildi. Katar tarapy Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi we bu strategiki möhüm ugurda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Söhbetdeşler halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygy bellediler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli Forumy barada aýdyp, bu ýokary derejeli foruma Katar tarapyny gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: