Iň täze habarlar

Türkmenistan 2025-nji ýyl üçin ÝUNESKO bilen bilelikdäki işler boýunça esasy wezipeleri kesgitledi

16.02.2025 | 22:30 |
 Türkmenistan 2025-nji ýyl üçin ÝUNESKO bilen bilelikdäki işler boýunça esasy wezipeleri kesgitledi

15-nji fewralda Aşgabatda degişli wise-premýerleriň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Jogapkär sekretarynyň, ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi.

Mejlisi açyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurduň ýolbaşçylygynyň Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berýändigini nygtady. Mejlisde toparynyň 2024-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi, şeýle hem 2025-nji ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Geçen ýylyň möhüm wakalaryň hatarynda 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi bellenildi. 2024-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen onlaýn we oflaýn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi bellenildi, olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça möhüm resminamalar we çözgütler kabul edildi.

Ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlyk meýilnamalary – adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna milli gymmatlyklary girizmek üçin Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen teklipler babatynda uglamlaýyn işleri öz içine alýar.

Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň düzüm birliklerinde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly bilelikdäki çäreleri geçirmek ýaly meselelere hem garaldy.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: