Iň täze habarlar

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan sergi hemmeleri çagyrýar

17.02.2025 | 14:30 |
 Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan sergi hemmeleri çagyrýar

18-nji fewralda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň toparlaýyn sergisi açylar.

Sergi “Parahatlyk sungat bilen gül açýar” diýlip atlandyrylyp, onda ýörite çeperçilik mekdebinde ýaşlara bilim berýän Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, mugallymlar Gunça Myradowanyň, Abdylla Mämmetberdiýewiň, Laçyn Toýlyýewanyň, Öwezmuhammet Akmuhammedowyň, Toýly Çopanowyň, Gurban Babatäjowyň, Berdi Çaryýewiň, Sapa Pürliýewiň, Enejan Garaýewanyň hem-de beýleki zehinli, ussat suratkeşleriň şekillendiriş sungatynyň birnäçe ugurlary boýunça döreden ajaýyp eserleri görkeziler.

Bu sergi 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 18-ne sagat 16:00-da açylyp, öz işini mart aýyna çenli dowam eder.

ORIENT

Foto: Guramaçylar tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: