Özbegistanda E-logistika sanly platformasy işe girizildi
14.02.2025 | 13:30 |Özbegistanda E-logistika sanly platformasy işe girizilip, ol ýük daşamalar we logistika hyzmatlary üçin bitewi çözgüt bolup durýar. Bu başlangyç ýurduñ ulag-logistika ulgamynyñ has giñ sanly transformasiýa maksatnamasynyñ bir bölegi bolmak bilen, ol bu babatda aýdyñlygy we netijeliligi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Platforma eýýäm bazaryñ ähli gatnaşyjylary, şol sanda ýük ugradyjylar, daşaýjylar we alyjylar üçin elýeterlidir. Munuñ özi olara añsatlyk bilen hyzmatdaşlyk alyp barmaga hem-de proseslerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. E-logistikanyñ ulanylmagy çykdajylary azaltmaga, prosesleri çaltlaşdyrmaga hem-de logistika hyzmatlaryñ hilini ýomarlandyrmaga ýardam etjekdigine garaşylýar.
E-logistika platformasy ozal işe girizilen ykjam gollanmasyny hem öz içine alýar.
ORIENT news