Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Aşgabadyň “Berkarar” söwda we dynç-alyş merkezi “Iň gowy dükan” SMS arkaly ses berilşigini başlady. Gelýän adamlar öz gowy görýän dükanyny goldap, oňa bir ses berip bilerler.

Munuň üçin 0530 belgä gowy görýän dükanyňyzyň kody bilen SMS ugratmaly. Dükanyň kodyny https://turkmentv.gov.tm/vote/69 salgy boýunça tapyp bilersiňiz.
Ses berilşik 28-nji fewrala çenli dowam eder. Bäsleşigiň netijeleri şol saýtda ýerleşdiriler. “Berkarar” söwda we dynç-alyş merkeziniň ýeňijä şahadatnama we bir aýlyk mugt wideo ýazgysyny sowgat berjekdigini habar edýäris.
ORIENT News
