Hytaýda ilkinji iňlis dilindäki nawigator döredildi
24.01.2025 | 12:50 |Hytaýyň Amap öňdebaryjy nawigasion platformasy öz kartasynyň ilkinji iňlis dilindäki görnüşini döretdi. Ol ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň artýan sany üçin syýahatlaryny aňsatlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Gollanmada Hytaýyň ýadygärlikleriniň, köpçülikleýin iýmitlendirme hem-de ýerleşdirme ýerleriniň we beýlekileriň iňlis dilindäki atlaryny we teswirlemelerini tapyp bolýar.
Bu başlangyç ýurduň syýahatçylyk pudagy üçin möhüm üýtgeşme bolup, ozal daşary ýurt myhmanlaryň dil böwetleri bilen baglanyşykly duş gelýän nawigasiýa meseleleriniň çözgüdi bolar.
Gollanmanyň girizilmegi Hytaýa giriş syýahatçylygyň ep-esli derejede ösüşi bilen gabat gelýär. Milli immigrasiýa dolandyryşyň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Hytaýa gelip-giden halkara syýahatçylaryň sany 64,88 mln adama barabar bolup, bu ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 82,9 % köpdür.
Amap platformasy diňe bir nawigasiýada uly meşhurlyga eýe däldir. Alibaba ekoulgamy bilen integrasiýasynyň hem-de Alipay, Fliggy, Ele.me we Koubei ýaly platformalary bilen özara gatnaşygynyň netijesinde, Amap ýerli hyzmatlary, naharlaryň eltip berilmesini, syýahatçylyk we myhmanhanalary öňünden sargyt etmek üçin maslahatlary gözleýän syýahatçylar üçin köpugurly çözgüde öwrülýär.
ORIENT news