Iň täze habarlar

Aşgabatda Hindi filmleriň festiwaly açyldy

24.01.2025 | 16:45 |
 Aşgabatda Hindi filmleriň festiwaly açyldy

Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda Hindi fimleriň festiwalynyň dabaraly aşylçy bolup geçdi.

1

Dabara “Aşagabat” kinoteatrynda geçirilip, oňa Bolliwudyň köpsanly muşdaklary ýygnandylar. Açylyş dabarasynda tomaşaçylara meşhur “Sergezdan” filmi görkezildi.

2

Türkmenistandaky Hindistanyň Ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat öz söhbetdeşliginde Merkezi Aziýada we Türkmenistanda hindi kinosynyň meşhurlygy barada şeýle belläp geçdi: 3

“Merkezi Aziýada we Türkmenistanda hindi filmler örän meşhur we hemmeler tarapyndan söýülýär, bu sebäpli, elbetde, geljekde hem Bolliwudyň ajaýyp Türkmenistana gelip, kino sungaty boýunça hyzmatdaşlyk etjekdigimize biz ynanýarys. Türkmenistan bilen bilelikde kino eserini döretsek örän ajap bolardy. Türkmenistanda ajaýyp filmleri düşürip boljak owadan ýerler örän köpdür 4

Festiwal 26-njy ýanwara çenli her gün filmleriň görkezilişi bilen tomaşaçylary begendirer. Filmler günde iki gezek görkeziler: gündiz (sagat 11:00 ýa-da 13:00), hem-de agşamsyna (sagat 19:00). Filmlere mugt tomaşa edip bolar.

ORIENT News

Foto: Orient.tm

Şeýle hem okaň: