Dawos-2025 netijeleri hemmelere elýeterli boljak emeli aň özgerişini wada berýär
23.01.2025 | 15:10 |Şweýsariýanyň kurort şäherçesi bolan Dawosda 20-24-nji ýanwar aralygynda dünýäniň iň uly we ähmiýetli ýyllyk wakalarynyň biri bolan Bütindünýä ykdysady forumy (BYF) geçirilýär. Bu ýyl, 55-nji gezek geçirilýän forumda dünýä liderleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, iri işewürlik wekilleri – ählumumy innowatorlar we tehnologiýa pionerleri, şeýle-de raýat jemgyýetiniň wekilleri jemlener. Dawos-2025-de 130-dan gowrak ýurtdan takmynan 3000 adam, şol sanda 350 golaý döwlet işgärleri we 60 döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşar. Guramaçylaryň pikirine görä, gatnaşýanlaryň köpdürlüligi dünýäniň iň möhüm meseleleriniň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmagyna we dürli ugurlary göz öňünde tutýan çözgütleriň işlenip düzülmegine esas döredýär.
«Intellektual döwürde hyzmatdaşlyk» şu ýylyň forumynyň mowzugy boldy. Bäş gün dowam etjek forumda gatnaşyjylar geosyýasy ýagdaýy, geoykdysady durnuksyzlygy, söwda dartgynlylygyny, medeni gapma-garşylyklary, howanyň üýtgemegi bilen bagly kynçylyklary we şeýle-de emeli intellekt, kwant hasaplamalary we biotehnologiýalar ýaly çalt ösýän we geljegi uly bolan innowasiýalary ara alyp maslahatlaşarlar. Olaryň esasy maksady önümçiligi we adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bolar.
BYF-yň prezidenti Börge Brendeniň aýtmagyna görä, häzirki forum soňky birnäçe nesilleriň iň çylşyrymly geosyýasy şertlerinde geçirilýär. Dawosdaky forum döwletara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini wagyz etmek bilen birlikde, “emeli aň özgerişi” wada berýär we onuň netijeleriniň hemmeler üçin elýeterli boljakdygyny belleýär.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, amerikan Workday kompaniýasy EA iş ýerlerine edýän täsirini öwrenmek boýunça geçirlen barlagynda, bu tehnologiýanyň «başarnyklar özgerişiň» çalt ösüşe ýardam ediji boljakdygyny netijä geldi. Bu özgerişiň dowamynda döredijilik, empatiýa we etiki çözgütleri kabul etmek ýaly adam häsiýetleri iň gymmatly baýlyklaryň birine öwrüler. Workday kompaniýasynyň wise-prezidenti BYF-yň kompaniýalara we hökümetlere iş ýerleriniň, başarnyklaryň we düzgünleriň dünýäniň dürli künjeklerinde üýtgeýşini we adamlaryň häzirki zaman tehnologiýalary bilen nähili özara hereket edýändigini gözden geçirmek üçin platforma hödürleýändigine ynanýar.
ORIENT