Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “B” kysymly karbamid, pagta süýümi we nah ýüplügi satyn alyndy

23.01.2025 | 09:15 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “B” kysymly karbamid, pagta süýümi we nah ýüplügi satyn alyndy

22-nji ýanwarda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa, ýeňil senagaty we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.

Türkiýäniň we BAE-niň telekeçileri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bilen “B” kysymly karbamidi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmen işewürlerinden olar pagta süýümlerini satyn aldylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 9 720 000 manada we 2 455 800,92 ABŞ dollaryna barabar bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: