Iň täze habarlar

Astrahanda Türkmenistanyñ şäherleriniñ birisine howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

16.01.2025 | 18:11 |
 Astrahanda Türkmenistanyñ şäherleriniñ birisine howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegin çäklerinde Astrahan oblasty Hazarýaka ýurtlary bilen howa gatnawlarynyñ täze ugurlaryny döretmek boýunça uly iş alyp barýar. Sebitiñ daşary aragatnaşyk ministri Wladimir Golowkowyñ aýtmagyna görä, Astrahan-Aşgabat ýa-da Astrahan-Türkmenbaşy ugurlary boýunça göni gatnawlary ýola goýmak barada gepleşikler alnyp barylýar.

Ministr täze ugur baradaky meseläniñ üstünde işlenilýändigini belledi. Häzirki wagtda Astrahandan halkara howa gatnawy Bakuw şäherine gatnawlar hökmünde hödürlenilýär.

Emma dolulygyñ ýokary görkezijileri uçuşlaryñ geografiýasynyñ giñeldilmeginiñ zerurlygyny görkezýär. Astrahanyñ hökümeti mart aýyndan başlap Gazagystana uçuşlaryñ dikeldilmegine hem umyt bildirýärler.

ORIENT news

Foto: fs.tonkosti.ru

Şeýle hem okaň: