Iň täze habarlar

Türkmenistan TDG-niñ elektron ygtyýarlandyrma ulgamyna goşulşar

16.01.2025 | 16:07 |
 Türkmenistan TDG-niñ elektron ygtyýarlandyrma ulgamyna goşulşar

Türkmenistan Türki Döwletleriñ Guramasyna (TDG) agza-ýurtlary üçin işlenilen elektron ygtyýarlandyrma ulgamyna goşulyşmaga taýýarlanýar. Bu barada TDG-niñ Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew Gurama agza-ýurtlarynyñ gümrük gulluklarynyñ başlyklarynyñ X mejlisinde habar berdi.

Ömüraliýew öz çykyşynda ulag tölegleriñ ösüşi we çylşyrymly resminama barlaglary ýaly ählumumy çagyryşlar şertinde gümrük we üstaşyr düzgünleriñ añsatlaşdyrylmagynyñ wajyplygy barada belledi. Onuñ aýtmagyna görä, munuñ ýaly başlangyçlaryñ durmuşa geçirilmegi sebitiñ ykdysady durnuklylygynda we ösüşinde möhüm ädim bolup durýar. Elektron ygtyýarlandyrma ulgamy agza-döwletleriñ arasynda söwdanyñ añsatlaşdyrylmagyna hem-de ulag aragatnaşyklaryñ gowulandyrylmagyna gönükdirilen "Türki dünýäniñ geljegi - 2040" TDG-niñ strategiki resminamasyna laýyk gelýär.

Baş sekretar 2022-nji ýylda YUNISEF bilen hyzmatdaşlykda Özbegistan bilen Azerbaýjanyñ arasynda TIR elektron ulgamynyñ ornaşdyrylmagynyñ üstünlikli tejribesi barada belläp geçdi.

"Türkmenistan bu başlangyja goşulyşmaga taýýarlanýar, bu bolsa sebitara integrasiýasynyñ ösdürilmeginde we türki döwletleriñ arasynda gatnaşyklaryñ pugtalandyrylmagynda möhüm ädim bolar" - diýip, Ömüraliýew belledi.

Şeýle-de ol "ÝURTA" atly Halkara awtodaşaýjylar assosiasiýalarynyñ birleşigi ýaly, şeýle hem Türki döwletleriñ logistik merkezleriniñ we ýük daşaýjylarynyñ birleşigi ýaly TDG-niñ beýleki başlangyçlary barada ýatlatdy. Bu hem halkara daşamalar boýunça utgaşdyrylyşa we hyzmatdaşlyga ýardam berýär.

Elektron ygtyýarlandyrma ulgamyna Türkmenistanyñ goşulyşmagy diñe bir üstaşyr düzgünlerini çaltlaşdyrman, eýsem TDG çäklerinde hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açar.

ORIENT news

Foto: trend.az

Şeýle hem okaň: