Putin 2-nji Jahan Uruş ýeňişiniň 80 ýyllygyna bagyşlap, uruş weteranlaryna tölegler tölemek hakynda permana gol çekdi
16.01.2025 | 09:35 |1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna bir gezeklik tölegler 2025-nji ýylyň aprel – maý aýlarynda töleniler. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň degişli permany resmi hukuk aktlarynyň neşir edilen saýtynda çap edildi.
"1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň aşakdaky raýatlaryna: Russiýanyň çäginde, Latwiýa, Litwa, Estoniýa, Abhaziýa, Günorta Osetiýa we Prednestrowýe Respublikalarynyň çäginde hemişelik ýaşaýanlara 2025-nji ýylyň aprel – maý aýlarynda bir gezeklik töleg tölenmeli" diýilip, resminamada aýdylýar.
Permana laýyklykda, uruş weteranlaryna, Leningradyň gabaw döwründe ýaşanlara, goranyş desgalarynyň gurluşykçylaryna we howa bazalarynyň işgärlerine 80 müň rubl möçberinde töleg berler. Mundan başgada tylyň zähmetkeşlerine we öňki kämillik ýaşyna ýetmedik konslager ýesirlerine 55 müň rubl möçberinde töleg berler.
ORIENT