Iň täze habarlar

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

15.01.2025 | 10:59 |
 Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bernd Haýnsyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň berk hukuk binýadyna daýanmak bilen, yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini bellediler.

15012025_МИД_Германия2.jpg

Diplomatlar halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar.

Şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: