Halklaryň arasyndaky ynam: täze ählumumy baglanşykda halkara guramalarynyň orny
11.12.2024 | 21:50 |11-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halklaryň arasynda özara ynanyşmak we halkara guramalaryň orny” atly sessiýa geçirdi. Çäre şu gün Aşgabatda geçirilen “Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar” atly halkara maslahatyň çäginde geçirildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze sessiýanyň moderatory bolup çykyş etdi.
Çykyş edenleriň arasynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutnyň rektory Gulşat Ýusupowa, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) Gazagystandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, IOM-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak, ÝUNESKO-nyň Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç, Halkara zähmet guramasynyň sebitleýin direktory Beata Andris we beýlekiler bar.
Sessiýa halkara durnuklylygynyň, özara gatnaşyklaryň we ýurtlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň esasy hökmünde ynananyşmagyň möhüm mowzugyna bagyşlandy. Gatnaşanlar howanyň üýtgemegi, migrasiýa, zähmet hukuklary we medeni gatnaşyklary ösdürmek ýaly häzirki zaman dünýäsiniň öňünde durýan esasy çagyryşlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmagy üpjün etmekde, durnukly ösüşi we parahatçylygy berkitmekde halkara guramalarynyň ornuna aýratyn üns berildi. Çykyş edenler Merkezi Aziýa sebitinde netijeli özara täsir etmek üçin köptaraplaýyn meýdançanyň ähmiýetini bellediler.
Çärä gatnaşyjylara pikir we öňdebaryjy tejribe alyşmak, şeýle hem ynanyşmagy we parahatçylykly ýaşaşmagy goldaýan anyk başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligi berdi.
Sessiýa gatnaşyjylaryň goşmaça teswirleri bilen tamamlandy, bu esasy mowzuklaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyny çuňlaşdyrmaga we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlemäge mümkinçilik berdi.
ORIENT