Iň täze habarlar

Türkmenistanyñ Gahrymanlary Ç.Rüstemowa we A.Ataýewa Magtymguly adyndaky Halkara baýraga mynasyp boldylar

11.12.2024 | 16:20 |
 Türkmenistanyñ Gahrymanlary Ç.Rüstemowa we A.Ataýewa Magtymguly adyndaky Halkara baýraga mynasyp boldylar

Türkmenistanyñ Gahrymanlary Çynar Rüstemowa we Aksoltan Ataýewa Magtymguly adyndaky Halkara baýraga mynasyp boldylar.

TDH-nyñ habar berişi ýaly, Aksoltan Ataýewa Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili bolup, Türkmenistanyñ taryhy we medeni gazananlarynyñ halkara arenada işjeñ wagyz etmekdäki, şeýle hem ýaş nesli watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekdäki bitiren aýratyn hyzmatlary üçin bu abraýly baýrak bilen sylaglandy. Onuñ diplomatik işi Türkmenistanyñ dünýä abraýynyñ pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa Magtymgulynyñ döredijilik mirasyny gorap saklamakda we ony wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halkara baýragy bilen sylaglandy. Onuñ işi şahyrlaryñ ruhy-ahlak garaýyşlaryny öwrenmäge we wagyz etmäge, şeýle hem Türkmenistanyñ medeni gymmatlyklaryny gorap saklamaga ýardam edýän başlangyçlaryñ goldanylmagyna gönükdirilen.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: