TDHÇMB-da söwdalaşyklar: ýeñil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary satyn alyndy
11.12.2024 | 10:15 |10-njy dekabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda ýeñil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary satyn alyndy.
Gyrgyzystanyñ we BAE-niñ telekeçileri Türkmenistanyñ Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplükleri we jins matasyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Türkmenistanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri Türkmenistanyñ Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden kagyz float aýnasyny aldylar.
Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 3 846 325 manada we 3 734 592,94 amerikan dollara barabar bolan 7 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiñiz.
ORIENT news