Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti 276 adamyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi

10.12.2024 | 03:30 |
 Türkmenistanyň Prezidenti 276 adamyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 276 adamyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Döwlet Baştutany bagyşlanyp günäsi geçilen raýatlaryň ýakyn wagtda öýlerine maşgalalarynyň arasyna gaýdyp barmagy üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet teleradio ýaýlymynyň habarynda aýdyldy.

Türkmenistanda her ýylda döwlet derejesindäki möhüm baýramçylyklaryň öňisyrasynda iş kesilen raýatlaryň günäsini geçmek indi asylly däbe öwrüldi. Bu ynsanperwerlik başlangyjy, rehimdarlygyň, bagyşlamagyň we ynsan ömrüne hormat goýmagyň milli gymmatlyklaryna esaslanýar.

Günä geçmegiň esasy maksady – jenaýat edip, şol eden hereketleri üçin ak ýürekden toba eden raýatlara jemgyýete dolanyp, täze durmuşa başlamaga mümkinçilik bermekden ybaratdyr.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: