Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 43 geleşik hasaba alyndy

09.12.2024|10:55|
1169
tdhcmb-da-sowdalasyklar-gecen-hepde-43-gelesik-hasaba-alyndy
Surat çeşmesi: exchange.gov.tm

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržazynda 43 geleşik hasaba alyndy.

Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt walýutasyna “Türkmenhimiýa” DK-nyň önümi bolan suwaldylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem, dokma önümleri, ýod ergini, nah ýüplükleri we galyndylary geleşikleriň mazmunyny düzdi. Satyn alyjy-ýurtlar: Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy takmynan 4 mln 680 müň amerikan dollara barabar boldy.

Içerki bazara türkmen işewürleri “Türkmennebit” DK-nyň önümi bolan esas ýagyny, garyndy parafin çig malyny we nebit bitumyny, şeýle hem el iş halylaryny, nah ýüplügini, ýüpegi we beýlekileri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 154 mln 257 müň manatdan geçdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržazyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news