Türkmenistanyñ Döwlet gümrük gullugy gümrük edaralarynda aragatnaşygyñ netijeliligini ýokarlandyrmak üçin enjamlary aldy
07.12.2024 | 11:05 |Türkmenistanyñ Döwlet gümrük gullugy Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasyndan (BOMKA 10) ýöriteleşdirilen kommunikasiýa enjamlaryny aldy.
Ykjam radio enjamlary işiñ netijeliligini ýokarlandyrmak we merkezi apparatyñ, sebit bölümçeleriniñ hem-de gümrük edaralarynyñ arasynda bökdençsiz aragatnaşygy üpjün etmek üçin niýetlenen.
Bu goldaw işi gümrük gözegçiligiñ 29 sany serhet nokatlarynyñ hem-de 20 sany içerki gümrük edaralarynyñ aragatnaşyk boýunça möhüm zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki zaman we ygtybarly aragatnaşygy üpjün edýän bu berlen enjamlar tutuş ýurt boýunça gümrük gullugynyñ işgärleriniñ arasynda maglumat alyşmagy we utgaşdyrmagy ep-esli derejede gowulandyrar.
ORIENT news