Iň täze habarlar

Belarus GDA ýurtlarynyň Merkezi saýlaw toparlarynyň synçylaryny prezident saýlawlaryna çagyrdy

05.12.2024 | 11:20 |
 Belarus GDA ýurtlarynyň Merkezi saýlaw toparlarynyň synçylaryny prezident saýlawlaryna çagyrdy

Belarus Respublikasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň Merkezi saýlaw toparlarynyň synçylaryny 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda geçiriljek nobatdaky 7-nji prezident saýlawlaryna çagyrdy.

Bu barada Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylykly sylaglanyş dabarasynyň öň ýanynda Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Igor Karpenko žurnalistlere habar berdi.

  • Biz GDA ýurtlarynyň Merkezi saýlaw toparlarynyň synçylaryny, ilki bilen GDA ýurtlarynyň saýlaw edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Konsultatiw geňeşi boýunça kärdeşlerimizi çagyrdyk,– diýip, Igor Karpenko belläp, şeýle-de 24-nji ýanwarda belarus paýtagtynda GDA ýurtlarynyň saýlaw edaralarynyň Konsultatiw geňeşiniň nobatdaky duşuşygynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada habar berdi.

Belarusyň Merkezi saýlaw topary Bütindünýä saýlaw edaralarynyň assosiasiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýän birnäçe merkezi saýlaw toparlaryny çagyrdy. Jogaplaryň alynmagyna hem-de akkreditasiýa geçirmek üçin degişli resminamalaryň alynmagyna garaşylýar.

Igor Karpenkonyň habar bermegine görä, GDA Synçy wekilhanasynyň akkreditasiýasy eýýäm geçirildi, emma bu iş dowam eder. Wekilhananyň başlygy Sergeý Lebedew adaty boýunça 1 belgili akrreditasion şahadatnamasyny alar.

ORIENT news

Foto: bgaa.by

Şeýle hem okaň: