Iň täze habarlar

"Modern" - reňkler dünýäsine syýahat ▶️

01.12.2024 | 01:00 |
 "Modern" - reňkler dünýäsine syýahat ▶️

Sungat, döredijilik, eser - elbetde, bu sözleriň aňyrsynda uly bir many ýatyr - ýyllar boýy çekilen zähmet we şol zähmetiň netijesinde bolsa dörän tejribe hem-de görenleri özüneçekiji täsin bir eser. Siz sungaty halaýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, ajaýyp suratlarymy ýa-da – owadan sazy? Bularyň ikisi hem adamda gözel duýgylary oýaryp bir salym geçmiş, çagalyk ýyllaryň, söýgi hakynda oýlanmaga mejbur edýär.

Şu ýerde dünýäniň iň beýik suratkeşleriniň biri we täsirli sungat eserleriniň köpüsini, şeýle-de şekillendiriş sungatynda "kubizm" ugruny döreden meşhur ispan suratkeşi Pablo Pikassonyň aýdanlaryndan birnäçesini getirmegi makul bildim. Elbetde, saýlamak aňsat bolmady, ýöne onuň iň ajaýyp hasaplanýan birnäçe sitatalary:

-Çaga ýaly surat çekmegi öwrenmek meniň üçin bütin ömrümi aldy.

-Göz öňüne getirip boljak zatlaryň hemmesi hakyky.

-Suratlarymda halaýan zatlarymyň hemmesini goýdum. Olary diňe öz aralarynda tertipleşdirmeli.

-Maňa muzeý beriň, menem ony dolduraýyn.

-Sungatda ne geçmiş, ne-de geljek bar. Häzirki wagtda bolmadyk sungat hiç wagt hem bolmaz.

30-njy noýabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda "Modern" atly ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň häzirkizaman surat eserleriniň görkeziliş sergisi öz işine başlady. Sergi sungatsöýüji adamlary bir ýere jemlemek bilen döredijiligiň bu ugry bilen gyzyklanýanlaryň özara pikir alyşmaklary üçin oňaýly meýdança boldy.

Bu günki açylan sergi Maral Ataýewa, Çarymyrat Ýazmyradow, Sapa Pürliýewiň, Zakirjan Babaýew, Gahryman Goçmyradow, Owgan Owganow, Baýram Bazarow, Amanmyrat Modyýew, Rustam Abdullaýew ýaly belli suratkeşleriň modern akymlarynda döreden eserlerini öz içine alypdyr.

Sergide ýokarda ady agzalan suratkeşleriň birnäçesi bilen olaryň eserleri bilen has içgin tanyşmagy maksat edinip söhbetdeş boldum.

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň ýolbaşçysy Çarymyrat Ýazmyradow –reňklerde şekillendirilen dürli öwüşginler

Sögbetdeşligimiziň dowamynda ol, “Öwüşgünler” atly eseri barada giňişleýin gürrüň berdi:

“Gurbannazar Ezizowyň “Daş gyz” poemasy esasynda heýkeltaraşyn daşdan gyzyň şekilini ýasap öz ýüregini oňa berip gyza jan berýär. Men “Öwüşgünler” eserimde Nury Halmämmedowy ýagny sazy hem goşup, ony kämilleşdirip hemişelik akyp duran ylhamy görkezmgei maksat edindim. Eger kime Allatagala zehini, ylhamy bagyş etse şol hem Gurbannazar ýa-da Nury Halmammedow ýaly ussat bolup ýetişýär. Bu ýerde baky söýgi bar”.

Bulardan başga-da ussat suratkeş bu günki sergä “Tumarşa”, “Taryhyň yzlary”, “Bakylyk mukamy”, “Deňiz şagyzynyň mukamy” ýaly eserlerini çykarypdyr.

Owgan Owganow – geçmiş, millilik we türkmen zenanlary

“Sergide meniň “Şaman ot”, “Şaýly gelin”, “Gelen eje” ýaly birnäçe eserlerim bar. “Şaman ot” – bu işimde otparazçylyk dini döwründäki şamanlaryň odun daşyndan aýlanyp edýän hereketlerini we ulanan zatlaryny görkezdim. Bilişimiz ýaly biziň ata-babalarymyz hem ilki otparazçylyk dinine uýupdyrlar. Muny tapylan birnäçe taryhy tapyndylar we milliligimize ornan käbir däp-dessurlarymyz hem tassyklaýar".

Mundan başga-da “Şaýly gelin” eserimde gelin-gyzlarymyzyň dakynýan şaý-sepleriniň üsti bilen türkmen gelininiň keşbini şekillendirdim. “Gelen eje” işimde bolsa, görnüşi ýaly asylly hem mert türkmen zenanlarynyň keşbini görkezdim”.

Gahryman Goçmyradow – Pyragynyň filsofiýasyny beýan edýän şekiller

“Öz işlerimde edebiýatymyzyň öçmejek ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň filosofiýasyny açyk görkezmegi maksat edindim. Elebtde Pyragynyň filsofiýasy örän çuň manyly we akgynly. Şu taraplary göz öňünde tutup ony “Magtymguly şahryň şygyryna bagyşlanan”, “Näme sen! Magtymguly Pyragynyň goşgusyna” atly eserlerime siňdirip beýan etdim. Şeýle-de gaýduwsyz mergen ýigitlerimizi wasp edýän “Mergenler” atly özboluşly eserim hem-de Görogly şadessanyndan Aral çaýyny we şol ýerdäki bolan wakany dessanda beýan edilýän “Atyny at, Atamy azat eýlegin” diýen setirdäki at bilen şekillendirdim”. “Bagta barýan ýol” işimde dürli reňkleriň üsti bilen durmuş guran ýaş juwanlary bagta sary barýan görnüşini beýan etdim”.

Sapa Pürliýew - Ahalteke bedewleriniň keşbi täsin şekillerde

“Ahalteke atlary biziň milli gymmatlygymyz. Men hem öz eserlerimde owadan bedewlerimiziň keşbini şekillendirdim. “Ahalteke” atly iki işimi hem dor bedewlerimize bagyşladym. “Kilim”, “Keteni”, “Hereket” ýaly beýleki eserlerim hem bu sergide görkezilýär”.

Sergide suratkeş Aman Modyýewiň hem bu ugurda döreden eserlerine orun berlipdir. Suratkeşiň özboluşly ugry boýunça döreden eserleri hem gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Owadan reňkler dünýasine aralaşmak isleýänlere serginiň 1 aýlap dowam etjekdigini ýatladýarys!

Seýli ARYŞOW

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: